Tebigatyň dört paslynyň biri bolan güýz, öz aýratyn gözelligi we many-mazmuny bilen adamzat durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Güýzüň ilkinji günlerinden başlap, tebigat özüniň täze öwüşgünini açýar. Baglaryň ýapraklary sary, gyzyl we goňur reňklere boýalyp, ýere dökülýän ýapraklar ýalpyldap duran haly ýaly tebigata ajaýyp görnüş berýär. Şeýle gözellik adamlaryň ruhy dünýäsine täsir edip, olary pähim-parasatly pikirlenmäge, täze başlangyçlara ruhlandyrmaga ýardam edýär.
Güýz paslynda mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda täze okuw ýylynyň başlanmagy aýratyn bir many berýär. Ýaş nesil bu döwürde täze maksatlar bilen sapaklaryna girişýär, ösüşiň täze basgançaklaryna çykmaga ymtylýar. Şonuň üçin hem güýz ýaşlaryň bilime bolan islegleriniň has-da artýan, täze arzuwlaryň ýüze çykýan döwrüdir.
Oba hojalygynda hem güýzüň orny örän uludyr. Bu pasyl bereketli hasyl möwsüminiň iň möhüm wagty bolup durýar. Ýazda ekilen ekinler, ter miweler, gök önümler güýzde ýygnalýar. Bu bolsa halkymyzyň bereketli saçaklarynyň baýlygyny üpjün edýär. Şeýlelikde, güýz diňe bir tebigatyň gözelligi däl, eýsem halkyň ýaşaýşynda ykdysady taýdan-da möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle-de, güýz paslynda adamlar täze zähmet möwsümine giňden girişýärler. Dynç alyş möwsümi tamamlanandan soň, dürli kärlerde zähmet çekýän adamlaryň işjeňligi artýar. Güýzüň ýumşak, salkyn howasy işjeňlige, döredijilige ylham berýär. Şahyrlaryň goşgularynda, suratkeşleriň eserlerinde, sazandalaryň owazlarynda güýzüň gözelligi, onuň adamlara berýän ruhy täsiri giňden beýan edilýär.
Güýz pasly adamzat durmuşynda diňe bir tebigatyň täsin öwüşgini däl, eýsem täze başlangyçlaryň, döredijilik ylhamynyň, bereketli zähmetiň we bilim ýolunda öňe gidişiň nyşany hökmünde aýratyn orun eýeleýär. Güýz tebigatyň ruhy hem-de durmuş gözelliginiň utgaşýan döwri bolup, adamlara täze güýji we ynamy berýär.
Güýzüň salkyn şemaly kalplary arassalaýar, tebigatyň öwüşginli reňkleri bolsa durmuşymyza ruhubelentlik goşýar. Şeýlelikde, güýz diňe bir pasyl bolman, eýsem kalbyň täze bir başlangyja açylýan gapysydyr.
Ahmedowa Oguloraz,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň 111-nji toparynyň talyby



