Amerikan yklymynyň iň owadan guşlaryndan biri gwatemala kwezaldyr. Onuň ady ýaşaýan ýeri bilen baglanyşyklydyr. Başga bir resmi däl ady bar. Bu guşa “Bagt guşy” diýilýär. Kwesalyň ýaýran ýerleri Meksikanyň günortasyndan Panamanyň günbataryna çenli uzalyp gidýär. Ýaşamak üçin hemişe gök öwüsýän dag tropiki tokaýlaryny saýlaýar. Quezal, tirogonidae tertibinden tropiki guşlaryň bir görnüşine degişlidir. Olar ähli trogon guşlaryndan iň ulusydyr. Bedeniniň uzynlygy 40 santimetre ýetýär we şol bir mukdarda, hatda biraz uzyn bolan kaşaň guýrugy bilen tanalýar. Erkek osoblary esasy guýrugyň ululygy bilen tapawutlanýan 4 sany ýelek bar. Iki orta ýelegiň uzynlygy 90 santimetre ýetip biler, galan iki ýelek birneme gysga bolýar. Bu guşlar dymma bolýarlar, ses edýän wagtyna gaty seýrek ýagdaýda duş gelinýär.
Kellesi we döşi açyk reňkli, bedeni metal reňkli açyk bürünç-ýaşyl reňklidir. Urkaçy osoblary has sada görünýär. Guýrugynda we egninde uzyn ýelekleri ýok. Bu guşlary gadym döwürlerde mukaddes guş hasaplap, oňa ybadat edipdirler. Ol hindileriň iň ýokary hudaýlaryndan biri bolan howanyň hudaýy bolan guýruk ýylan Quetzalcoatlyň keşbine meňzedilýär. Mundan başga-da, Hindilerde bir kwezal öldürmek ölüm jezasyna deňelýär. Bu guşyň täsin tarapy duşmanlary topulanda uzyn guýrugyny tutmak başartsa-da olar ýeleklerini aňsat dökýäler, Bu bolsa goranmak üçin ýöriteleşen alamatdyr. Häzirki Gwatemala kwezal milli guş we Gwatamemelanyň nyşanydyr. Onuň suratlaryny ýurduň gerbinde, teňňelerinde we markalarynda tapyp bolýar. Hatda Gwatemalanyň milli walýutasyna kwetzal diýilýär. Gyş paslynda beýleki ýerlere göçüp, möwsümleýin hereket edýärler
Bu guşlar esasan okotea agajynyň uly miweleri bilen iýmitlenýär. Miwäniň uzynlygy 3-5 santimetre ýetýär, olar miwäni tutuşlygyna ýuwudýar we beýleki haýwanlar üçin okotea zäherli miwedir. Bu miwäni diňe gwatemala kwezal iýip bilýär.
Gülnar GOÇOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



