Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ekiniň damary topraga näçe çuň aralaşsa, hasyllylyk şonça-da ýokary bolýar. Kök topragyň çuňluklaryndaky peýdaly maddalar bilen iýmitlenip, ekin dürli kesellere çydamly we sagdyn bolýar. Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, gar ýerde näçe köp ýatsa, şonça-da peýdalydyr. Dogry, garly howa öri meýdanlaryna käbir kynçylyklar döreýär, emma geljek ýazda otuň ösüşi başgaça bolýar. Hatda täze doglan guzular otuň içinde görünmän galýar. Hut şonuň üçin-de çillede ýagan gar bereket hasaplanýar. «Çillede suw içen üzüm hiç wagt suwsamaz» diýip, ata-babalarymyz hut şu döwürde üzümiň düýbüne köpräk gar toplap goýupdyrlar.
Ata-babalarymyz şeýdip uly çillede gar köp ýagyp, doňaklyk uzak dowam etse, ony gowulyga ýorupdyrlar. Sebäbi soňra onuň yzyndan gelýän kiçi çille gazabyna tutmandyr. Eger-de uly çille maýyl gelse, onda ol öz ornuny kiçi çillä berjek wagty: «Inim Sary, ýet, gara goýunda guýruk, esrik nerde örküç, sannyk aýalda hem hamyrmaýa galdy. Men-ä sakgalymyň agyndan utanyp, halkyň ýagdaýyna dözmän, doňaklygy gowşagrak etdim. Sen beri öz borjuňy berjaý et» diýip, kiçi çillä pugta sargarmyş. Şundan soň kiçi çille gazabyna tutsa, ata-babalarymyz: «Gyş soňuna syrykdy» diýip, öz aladasy bilen bolupdyrlar. Bary-ýogy ýigrimi gün dowam edýän kiçi çilläniň möhleti gutaryp, döwri geçenden soňra bolsa gyşyň gutardygy diýip hasaplapdyrlar. Sebäbi 7-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýän ahyrky garagyş eýýäm gyşyň gowşap, howanyň maýlap başlaýan döwri hasaplanýar. Gyşda garyň, ýazda ýagmyryň, tomusda jöwzanyň bolmagyny gowulyk hasaplan eždatlarymyz müň keren mamla.
ARBAPOW SERDAR
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy