Gyş pasly — bu tebigatyň dynç alýan, arassalanýan we täze güýç ýygnaýan döwrüdir. Beýleki pasyllardan tapawutlylykda, gyş özüniň ak gar gurşawy, dury howasy bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň giň sähralaryna we daglaryna ak gar düşende, bütin älem ak mermere bürenen ýaly bolup görünýär. Bu pasyl diňe bir sowuk däl, eýsem päkligiň we täzelenişiň nyşanydyr.
Gyşyň iň uly waspy onuň garydyr. Gök asmandan süzülip düşýän her bir gar tozgasy tebigatyň bir sungat eseridir. Daglaryň gerişleri ak ýapynja bürenip, taryhy galalary ýatladýan bolsa, baglaryň şahalaryndaky garyň keşbi kümüş çyzgylary emele getirýär.Gar bilen örtülen meýdanlar soňsuzlyk duýgusyny berýär.
Türkmen edebiýatynda we sungatynda gyş paslyna uly orun berilýär. Şahyrlarymyz we häzirki zaman ýazyjylarymyz gyşyň garyny “ak pagta”, sowugyny bolsa “janlylygyň synagy” hökmünde suratlandyrýarlar.
Gyş — bu içki dünýäňe dolanmak, pelsepewi oýlanmalara gaplanmak pursatydyr.
Ak reňkiň müň bir öwüşgini bilen çekilen gyş pasly adamyň ruhuna rahatlyk berýär.
Gyşyň iň ajap taraplarynyň biri hem onuň adamlary birleşdirýänligidir. Sowuk howada maşgala agzalarynyň gyzgyn çaý başynda jemlenişi, milli hekaýalaryň we rowaýatlaryň aýdylmagy türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegidir.
Halk arasynda “Gyşyň gary — ýeriň nary” diýen pähim bar. Bol ýagan gar geljekki hasylyň, bolçulygyň buşlukçysydyr. Şeýle hem, arassa gyş howasynda gezelenç etmek ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Sowuk howa bedeni taplaýar we ruhy serginlik berýär.
Gyş pasly ýylyň iň sowuk pasly bolup, tebigatyň aýratyn gözelligi we özboluşly ýagdaýy bilen tapawutlanýar. Bu pasyl dekabr, ýanwar we fewral aýlaryny öz içine alýar. Gyş paslynda howanyň temperaturasy ep-esli peselip, köp ýerlerde gar ýagýar, aýaz bolýar we tebigat dynç alyş ýagdaýyna geçýär. Tebigatyň bu üýtgeşik görnüşi adamzadyň durmuşyna hem uly täsir edýär.
Gyş pasly özüniň aklygy bilen biziň durmuşymyza täze sahypa açýar. Ol bize sabyrlylygy, tämizligi we tebigatyň her bir pursatyny söýmegi öwredýär. Gyşyň waspy tükenmezdir, sebäbi ol her ýyl täze umytlar we ak arzuwlar bilen gelýär
Gyş paslynyň esasy alamatlarynyň biri garyň ýagmagydyr. Gar ak reňki bilen tebigata täzelik we arassalyk berýär. Ol topragy güýçli sowukdan gorap, ösümlikleriň kök ulgamynyň saklanmagyna kömek edýär. Şeýle hem gar ýaz paslynda suw çeşmeleriniň dolmagyna uly täsir edýär. Daglyk we sähralyk ýerlerde gar suwlary derýalaryň, kölleriň suwuny artdyrýar.
Bu pasylda köp ösümlikler ösüşini wagtlaýyn togtadýar. Agaçlar ýapraklaryny döküp, dynç alyş ýagdaýyna geçýär. Haýwanlar bolsa gyş paslyna dürli görnüşde uýgunlaşýarlar. Käbir haýwanlar gyşky ukusyna gidýär, käbirleri bolsa öňünden ýygnan iýmleri bilen ýaşaýar. Bu ýagdaý tebigatyň öz-özüni goramagynyň aýdyň mysalydyr.
MUHAMMEDOWA MADINA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



