Gyş pasly – ýylyň iň täsin paslydyr. Gyşyň gelmegi bilen bütin tebigat ajaýyp gyş ertekisine öwrülýär. Bu pasyl bilen baglanyşykly birnäçe gyzykly maglumatlaryň bardygy hakynda şu güne çenli pikir edip gördüňizmi?
Ýer şarynyň Günden daşlaşmagy netijesinde gyş pasly başlaýar. Demirgazyk ýarym şarynda gyş pasly dekabr aýyndan mart aýyna çenli, astronomiki 21-nji dekabrdan 21-nji mart aralygyna çenli dowam edýär. Tropiki ýerlerde we ekwatorda gyş pasly ýokdur. Gyş aýlarynda doglan adamlar beýlekilere garanyňda uzak ýaşamak ähtimallygy ýokary bolýar. Käbir adamlar gyş paslyndan gorkýarlar, muňa ylymda «kionofobiýa» diýilýär. Gyş paslynyň ýakynlamagy bilen agaçlar ýapraklaryny dökmäge başlaýarlar, Gyş paslynda diňe gar ýagmaýar, ondan başga-da birnäçe ýagyşlar bardyr. Meselem asman açyk wagty ýagýan iň kiçi buz kristallaryny göwher tozany diýlip atlandyrýarlar.
Biziň hemmämiz garyň reňkiniň ak bolmagyna öwrenişdik, ýöne Antarktidanyň iň uly dagynda gyzyl, sary we gülgüne reňkdäki garlary hem görmek bolýar. Gar tozgalary, suwa degip, ýokary ýygylykly ses çykarýarlar.
Gyş aýlarynda buzyň temperaturasy dürli-dürli bolýar. Mysal üçin, Antarktida buzluklarynda olaryň temperaturasy minus 60 gradusa, Grenlandiýa buzluklarynda bolsa minus 28 gradusa çenli ýetip bilýär, iň ýyly gar bolsa Alp we Skandinawiýa daglarynyň depesinde ýerleşýär, onuň temperaturasy 0 gradus töwereginde bolýar.
Iň dowamly gar ýagmyryna 1932-nji ýylda Kanadanyň ýaşaýjylary şaýat bolupdyrlar. Gar ýagmagyny 9 gün dowam edipdir, munuň netijesinde garyň boýy bir gatly jaýlaryň üçegine çenli baryp ýetipdir.
HOJAÝEWA MARAL
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby


