Gyzyl kardinal gyş paslyna mahsus guşdyr. Bu täsin guş gyşyň owadanlygyna owadanlyk goşýar. Gyzyl kardinal orta ölçegli guşdyr. Uzynlygy 20-23 sm, guşuň agramy — 42-47 gr. Erkek osoblary reňki açyk gyrmyzy, ýüzünde gara “maska” bar. Urkaçy osoblarda çal-goňur reňkler agdyklyk edýär. Aýaklary goýy gülgüne-goňur. Gyzyl kardinal esasan ABŞ-nyň gündogarynda , Kanadanyň günorta-gündogarynda we Meksikada duş gelýär . Günortada Gwatemala hem ýaýrap başlady.
1700-nji ýylda Bermuda getirildi we üstünlikli uýgunlaşdy, şeýle hem Gawaýi adalarynda we Kaliforniýanyň günortasynda aklimatizasiýa edildi. Dürli görnüşdäki tokaýlarda, baglarda, seýilgählerde we gyrymsy agaçlarda ýaşaýar. Antropogen landşaftlara ýaýrap başladylar we hatda uly şäherleriň seýilgählerinde, mysal üçin Waşingtonda we Ottawada ýaşap başladylar. Erkek osobynyň aýdymy, köplenç Wirginiýa gijesi diýlip atlandyrylýan bir gijäniň aýdymyny ýada salýan gaty owadan ses bilen saýraýarlar. Urgaçy osoblary hem aýdym aýdýarlar, ýöne aýdymlary has ýuwaş we üýtgeşik däl. Gyzyl kardinallar esasan ösümlik tohumlary we miweleri bilen iýmitlenýärler, şeýle hem tomzak , çekirtge , ulitka we ýaprak bilen iýmitlenýärler . Jüýjeleri diňe mör-möjekler bilen iýmitlenýär.
Gyzyl kardinal jübütleri biri-birine wepalydyr. Diňe köpelmek möwsüminde däl eýsem ondan başga wagt hem bile bolýar. Gyzyl kardinal territorial guşlara degişlidir, erkek osoblary eýeleýän çägine beýleki kardinallaryň girmegine rugsat bermeýär we bu ýeriň basyp alnandygyny gaty ses bilen duýdurýar. Höwürtge urgaçy osoblary tarapyndan gurulýar. Ýumurtgalarda çal ýa-da goňur tegmilleri bolýar. Inkubasiýa 12-13 gün dowam edýär. Gyzyl kardinalyň ýabany gurşawda 10-15 ýyl, eldekileşdirilip ýörite şertlerde idedilse 28 ýyla çenli ýaşaýarlar.Gyzyl kardinal adamlardan düýbünden gorkmaýar.
Şol sebäpli köplenç şowhunly seýilgählerde we hususy jaýlaryň golaýynda ýaşaýar we höwürtge döredýär. Guşlar adamlar bilen gowy aragatnaşyk saklaýarlar we iýmit berenlerinde göni adamyň ellerinden alýarlar. Bu ajaýyp guşlaryň tapawutly aýratynlygy, olaryň gowy ýadydyr. Kardinallar köplenç köp sanly iýmiti gizleýärler soň bolsa aňsatlyk bilen tapýarlar. Gyzykly hakykat ortaça, güýz möwsüminde gyzyl kardinal dürli ýerlerde takmynan 100 müň tohum we däne gizleýär. Gyş paslynda, şol gizlän gizlän dänesiniň 85-90% -ini tapýar. Şol sebäpli olar gyşda başga ýere göçmeýärler, olara gyşy geçirmek kyn düşmeýär, beýleki guşlar ýaly iýmit tapmakda kösenmeýärler.
Ogulgerek ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby