Tomus pasly diňe bir örän tagamly ir-iýmişler möwsümi bolman, eýsem sagdyn miweleriň döwridir. Şonuň üçin tebigat şeýle mümkinçilik döredeninde, biz olary ýeterlik derejede iýmäge synanyşýarys. Şeýle-de bolsa, iň bolmanda bilesigelijilikden dadyp görmek islenilýän görnüşlerem bar. Dünýäde iň geň galdyryjy ir-iýmişleriň käbiri:
Surinam üljesi barha meşhurlyga eýe bolýar. Lezzetli ir-iýmişleri berýän bu miweli agaç C witaminine baýdyr. Bu agaç öz adyny gelip çykan ýerinden, ýagny,
Surinam respublikasyndan (Günorta Amerika) aldy. Ýabany ösümlik Braziliýada, Paragwaýda we Urugwaýda-da duş gelýär. Häzirki wagtda Kolumbiýada, Hindistanda, Hytaýda we Ysraýylda ösdürilip ýetişdirilýär.
Asaýi-miweleri peýdaly maddalara baý bolan palma agajy Braziliýada ösýär. Bu adaty bolmadyk ir-iýmişiň şiresini gysyp bedeniň agramyny kadalaşdyrmak üçin ulanyp bolýar. Şeýle-de bolsa, olaryň adam bedenine täsir edip bilijilik mümkinçiligi mahabat maksatly ulaldyldy. Ýeri gelende aýtsak, bu miweler ýerli hindileriň iýmitiniň 40% -den gowragyny düzýär.
Afrikanyň Pollia condensata miweleri, metaldan ýasalan ýaly ýalpyldawuk görnüşleri bilen geň galdyrýar. Olar goýy gök reňklidir. Bu ösümlik Tanzaniýanyň we Efiopiýanyň tokaýlarynda, Afrikanyň beýleki ýerlerinde köplenç ösýär. Miwe özüne çekijidir, emma iýip bolmaýar. Bu sanawa düşeniniň esasy sebäbi hem, 10 ýyla çenli üýtgewsiz galmaga ukyplylygydyr. Ol bezegçilikde giňden ulanylýar.
Russiýada “patyşanyň miwesi” lakamymyny alan moroşka miwesini synap bilersiňiz. Bu ösümligi Belarusiýada hem tapyp bilersiňiz, ýöne bu ýerde ýygnamak gadagan sebäbi Gyzyl kitaba girzilendir. Batgalarda, daglyk ýerlerde we tundralarda bişensoň miwesi gaty seýrek bolýar. Şonuň üçin günorta sebitleriň ýaşaýjylary onuň tagamy bilen kän tanyş däl. Beýik şahyr Aleksandr Puşkiniň iň gowy görýän ir-iýmişi moroşka bolupdyr.
Demirgazyk ýarym şardan başga bir seýrek duş gelýän ösümlik hem-empetrumdyr. Bu ösümlik batgalyk ýerleri gowy görýär. Daşky görnüşi boýunça, hwoýany ýatladýar. Daşky görnüşi sebäpli köplenç bezeg görnüşinde ulanylýar.
Esen Amankulyýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby