Täsin tebigaty hazar deňziniň baýlyklaryny goramak we rejeli peýdalanmak meseleleriniň halkara guramalarynyň , hut BMG-nyň işjeň gatnaşmagynda, ylalaşykly çözülmegi adamzat bähbitli derwaýys meseleleriň naýbaşysydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz : «Hazar deňziniň ekologiýasý sebitiň çäginden has daşa çykýan möhüm meseledir. Bu babatda biz Hazaryň täsin tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak boýunça halkara tagallalarynyň has anyk häsiýete eýe bolmagynyň möhümdigine ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, Hazar sebitinde daşky gurşawy goramak meselelerine seretmek we degişli teklipleri hem-de maslahatlary işläp taýýarlamak üçin hemişe hereket edýän gurama hökmünde Hazar ekalogiýa forumyny guramak teklibi bilen çykyş edýäris « diýip belledi. Hazar irki döwürlerden bäri syýasy,ykdysady, ekalogiýa,aragatnaşyk, tebigy baýlyklary ulanmak boüunça adamzadyň üns merkezinde duran derwaýys çözülmeli meseleleri özünde jemleýän deňizleriň biri bolmagynda galýar. Hazar geosyýasy jähetden Gündogar bilen Günbatary birikdirýän merkez hasap edilýär.Ol gämi gatnawy, ýük daşamak,ýolagçy gatnatmak maksatlary üçin amatly.
Hazar özüniň ýalpaklarynda, adalarynda uglewadorod serişdelerine örän baý ýataklary jemleýär. Türkmen tebigy gazyny Hazarüsti ugurlar boýunça Ýewropa bazarlaryna çykarmaga örän amatly mümkinçilikler bar.
Hazar özüniň baý we täsin biodürliligi boýunça deňi-taýy bolmadyk deňizdir. Pontik, Girkan, Kaspiý,Hazar diýlip, 5-7 million ýyl ozal dörän bu deňziň 31 müň inedördül kilometr meýdany bolup, onuň 10 litrden gowrak suwunda 1 kilograma golaý gymmatly baýlygy bardyr.
Seýrek duş gelýän we juda gymmatly balyk saýylýan bekräniň dünýä gorunyň 90 göterimini şu deňizdedir. Bu deňiz demirgazykdan günorta 1200 kilometr uzalýar. Ortaça ini 330 kilometrdir. Bu ýerde gymmatly dermanlyk we mal iýmiti üçin ulanylýan suwotylaryň 64 görnüşi, oňurgaly jandarlaryň 400-den gowragy, şolaryň 300-e golaýy guşlar, balyklaryň 101 görnüşi bar. Her ýyl 10 milliondan gowrak guş şu deňziň kenarlarynda düşläp geçýär.
Bu ajaýyp deňziň şu aýratynlyklaryny, täsinliklerini göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiz Hazarýaka sebetinde pugta parahatçylygy, hemmetaraplaýyn howpsuzlygy hemde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin, halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak barada uly alada edýär.
ARBAPOW SERDAR
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy