Mäş Hindistandan gelip çykan kiçijik, ýaşyl kösükli ekindir. Mäşde witaminleriň we
minerallaryň düzümi gaty deňagramly bolup, olar ýokumly we sagdyn önüme öwrülýär. Onda
18 sany aminokislota bar. Şeýle-de, bu ösümlik özünde: C, B1, B2, PP, B5, B6, B9, A, E, K, betakarotin, holin ýaly witaminleri; kaliý, fosfor, magniý, kalsiý, natriý, demir, sink, marganes, mis,
selen ýaly makro we mikroelementleri saklaýar. Mäşiň yzygiderli ulanylmagy ýürek-damar
ulgamyny güýçlendirýär, gan basyşyny kadalaşdyrýar, holesterini we gandaky süýjiniň
derejesini peseldýär, damarlaryň we arteriýalaryň diwarlarynyň çeýeligini güýçlendirýär we
düwnük öýjükleriniň döremeginiň öňüni alýar. Ol immunitet ulgamyny, akyl işjeňligini
güýçlendirýär, ýatkeşligi gowulandyrýar we görüşi dikeltmäge kömek edýär. Olar süňk
dokumalarynyň, böwrekleriň işlemegini goldaýar. Mäşiň ulanylmagy ýokanç we çiş keselleriniň
(bronhit, traheit, rinit, sinuzit, laringit we ş.m.) öňüni almaga we bejermäge kömek edýär.
Mäşiň diuretik täsiri bar, şonuň üçin ol köplenç bedeni detoksifikasiýa etmek üçin ulanylýar.
Şeýle-de ol aşa semizlikden goraýar. Mäş etiň ornuny tutýar. Düwürtikden, artritden,
allergiýadan ejir çekýänlere mäş iýmek maslahat berilýär. Mäşiň antioksidant täsiri bar. Ony
yzygiderli ulanmak bilen deri ýaş, sagdyn we tekiz bolýar. Beýleki kösüklilerden
tapawutlylykda, mäşde meteorizme sebäp bolýan oligosaharid az saklanýar.
Mäşiň önümi bolan mäşewe örän ýokumly we beden tarapyndan gowy siňdirilýär. Ol çagalar,
uly ýaşly adamlar we hassalar üçin has hem peýdalydyr.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.