Kiwano atly täsin ösümlik aslynda gawundyr. Onuň bir täsin tarapy içiniň hyýar ýaly bolmagydyr. Oňa başgaça şahly gawun diýilýär. Sebäbi gawunyň daşky gatynda epidermal gelip çykyşly ösüntgileri bardyr. Şahly gawun ýa-da Afrikan hyýar ady bilen tanalýan bu ösümlik kädiler maşgalasynyň hyýar urugyna degişli. Latynça ady cucumis metuliferus. Bu ösümlik tebigatda otjumak lian görnüşde duş gelýär. Boýy bolsa 3 metre çenli ýetýär. Uly ýaşyl ýapraklary we sary gülleri bolýar. Tomus aýlarynda ir säherde güller açylyp durýar. Temperatura kadaly bolanda 75- 125 günde kiwanonyň miwesi bişýär. Kiwano esasan Afrikada ösýär. Has giňden ösdürilip ýetişdirilýän ýerlerine Merkezi Amerika we Täze Zelandiýa degişlidir. Daşyndan göreniňde edil tegelek şekilli gawuna meňzeýär, emma dişleri ony gawundan tapawutlandyrýar. Içini göreniňde bolsa hyýara meňzeş köp çigitli. Kiwano dermanlyk ösümlik üçin ösdürilip ýetişdirilýär.
Kädiler maşgalasyna degişli ösümlikler bilen bir hatarda kiwanonyň düzümi hem 90% suwdan ybarat . Şeýle-de 44 g kaloriýa 1,3 g ýag, 2 mg natriý, 123 mg kaliý, 8 g uglewod , 1,8 g belok hem-de C PP, B1, B2, B5, B6, B9 witaminlerine örän baý. Kalsiý, magniý, demir, sink, fosfor, natriý we mis ýaly möhüm mikroelementleri özünde saklaýar.
Içi ýaşyl ýumşak suwuklyk ýaly bolup köpsanly tohum çigitleri bolýar. Tohumyň boýy 1 sm, kiwanonyň boýy bolsa 15 sm çenli bolup bilýär. Tagamy hyýaryňka ýa-da bananyňka meňzeş ajy süýji bolýar. Süýji görnüşinden kokteýl, dürli görnüşli içgiler taýýarlanylýar. Ajy görnüşinden bolsa içdäaçar taýýarlanylýar.
Kiwano örän peýdaly miwe bolup hyzmat edýär. Esasy aýratynlygy hem ýürek kesellerini we näsazlyklary bejerýär. Düzümindäki magniý elementi ýüregi dürli kesellerden goraýar, gan basyşyny peseltýär. Saglyk üçin peýdaly bolan witamin B6 rahatlandyryjy täsiri bar, kadaly peýdalanylanda gury agyrydan we miokard infarkydyndan goraýar. Ondan başgada ganyňy suwuklandyrýar, bellibir derejede şekeriňi peseltýär. Kiwanonyň antioksidant täsiri we C witamin, dürli polifenol birleşmeler, beta karotin ýaly güýçli birleşmeler immunitetde uly rol oýnaýar. Zyýanly erkin radikallary ýok etme ukubyna eýe bolup, okisleýji stresse garşy durýar.
Aknur SAPARMYRADOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby




