Igde güýz paslynyň iň soňky ir-iýmişi hasaplanýar. Igde agajy topragyň süýşmeginiň öňüni alýar. Bu miwe adatça, güýzde bişýär we ýygnalýar. Ol iň halanýan ir-iýmişleriň biridir. Bally ösümlikleriň biri hasaplanýan igde agajynyň ýapraklary kümüşe meňzeş bolup, tikenli, gyrymsy agaçdyr. Igde – sözi “ýigide” sözünden gelip çykypdyr. Ýagny “igde” bu miweli agaç bolup, miwesi dermanlyk häsiýete eýedir. Igde dözümli agaç bolup erbet gurluşly topraklarda hem ösmage ukyplydyr. Igde şol sanda guraklyga hem çydamly bolup durýar. Igde agajyny köp döwletlerde erroziýa garşy hem ulanýarlar. Böwrek kesellerinde igde agajynyň miwesini iýmek peýdaly hasaplanýar. Miwesi zeýtun ýaly ululykda we goýy sary reňde bolýar. Ýewropada, Aziýada we Demirgazyk Amerikada igdäniň birnäçe gornüşleri bardyr.
Igdäniň peýdalary:
- ýürek-damar ulgamyny işjeňleşdirýär;
- peşew we peşew ýollarynyň meselelerini kadalaşdyrýar;
- derini owadanlaşdyrmaga şeýle-de düwürtikleri azaltmaga ýardam berýär;
- böwrekleriň kadaly işlemegine kömek edýär;
- ekzemanyň döremeginiň öňüni alýar;
- rak keseliniň töwekgelçiligini azaldýar;
- bedeni sowuklamadan we dümew ýaly kesellerden goraýar;
- aşgazan bilen baglanyşykly kesellerde ulanylýar;
- immunitet ulgamyny güýçlendirýär;
- öýjükleriň täzelenmegini goldaýar;
Igde maý-iýun aýlarynda gülleýär. Onuň gülleri açyk sary reňde bolup, miwesi sentýabr aýynda bişip başlaýar. Bu ösümligiň miwesi suwly, örän süýji we dişiňi gamaşdyryjy tagamy bilen tapawutlanýar. Igde agajynyň gülleri efir ýagyna, ýapraklary E we C witaminlerine baýdyr. Ol dürli keselleriň öňüni almakda peýdalanylýar. Daragtynyň kökünden taýýarlanylan erginiň ýürege nepi degýär. Bu ösümligiň ýapragynyň şiresini sowuklamada we gyzdyrmada gyzgyny gaýtaryjy hökmünde ulanýarlar.Igde atyr önümçiliginde hoşboý ys beriji çig mal hökmünde-de peýdalanylýar. Soňky ýyllarda ýabany görnüşleri lukmançylykda has köp ulanylyp başlandy. Şol sebäpli bu ugurda has kän ylmy barlaglar geçirilýär.
REJEPOW BEZIRGEN
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby