Hemlok adam we haýwan durmuşy üçin iň zäherli we howply ösümlik hasaplanýar. Bu käbir internet maglumatlarya görä, dünýädäki iň zäherli on ösümligiň biridir.
Hemlok (latynça: Conīum maculātum) iki ýyllyk ösümlik bolup, ol Hemlok urugynyň bir görnüşidir we Apiaceae maşgalasya degişlidir. Tebigatda ösümligiň bu görnüşi Demirgazyk Afrikany öz içine alýar: Al Algerir, Marokko, Tunis we Efiopiýa; Ýewropanyň tutuş territoriýasy; Aziýanyň ortaça sebitleri Türkiýeden Hytaýa çenli; Demirgazyk Amerika. Russiýada tutuş Ýewropanyň böleginde, Kawkazda we Günbatar Sibirde duş gelýär. Krasnodar sebitinde tokaý sähra zonasy bolan Gündogar Azow sebitinde has ýygy duş gelýär; Soçide öň Imeretinskaýa pesliginde köp duş geldi.
Ol tokaý gyralarynda, suw çemenliklerinde, hek daş eňňitlerinde, gök bakja ekin meýalarynda, çöket ýerlerde we çöllük ýerlerde, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we diwarlaryň, jülgeleriň eňňitlerinde we demir ýollarynda ösýär.
Hemlokyň süýüm görnüşli ak kökü bar. Baldagynyň beýikligi 60-180 sm, şeýle hem onuň inçejik ýapraklary bolup, gülli we aşaky böleginde gyzyl-goňur tegmiller bolýar. Ösümligiň ýaşaýyşynyň birinji ýylynda bir topar ýaprak ösýär, ikinji ýylda bolsa baldak ösýär.
Aşaky ýapraklary üçburç bolup petruşka ýapraklarynada meňzeýär, (oňa ýabany petruşka hem diýilýär) uzynlygy bolsa 30–60 sm bolýar. Ownuk ak bäş ölçegli güller köp sanly saýawanlarda ýygnalyp, iç tarapynda tertipsiz 12-20 şöhleli korymboza-panikulýasiýa infloresensiýasyny emele getirýär. Ösümlik iýun-iýul aýlarynda gülleýär.
Miwesi tegelek, açyk goňur, iki tohumly, birneme gysylan, bäş tolkunly gapyrgasy bolup uzynlygy 3–3,5 mm bolan iki ýarym miwä (merikarps) bölünýär. Ol awgust-sentýabr aýlarynda miwe berýär. Ýarym miwäniň agramy 1,3-1,4 gr töweregi bolýar. Hemlok tegmilli, syçanyň ysyna meňzeş ýakymsyz ysly ot bolup, oňa ýakynlaşan wagtyň başyňy aýlaýar. Onuň ýapragy ýa-da baldagy eliňe degse köp wagtlap ysy aýrylmaýar. Bu ýakymsyz ys ösümligiň ähli ýerlerinde bolýar.
Taryhda bu howply ösümlik zäher hökmüde ulaylypdyr diýilip bellenilýär. Ösümligiň botaniki ylmy ady “conium”, grekleriň “kone” – öldürmekden gelip çykýandygy sebäpli howp barada duýduryş berýär. Zäherli ösümlik asetilholine meňzeş skelet myşsalarynda täsir edýär, ýa-da tersine, antagonistik täsiri ýüze çykarýar. Az we orta dozalar gan basyşyny ýokarlandyrýar, gysylmalary güýçlendirýär we ýürek urmasyny ýokarlandyrýar. Ol ilki tolgunma, soň bolsa dem alyş ýollarynyň tutulmagyna sebäp bolýar.
Zäherlenmäniň esasy alamatlary: ýürek bulanma, ak tüýkülik, baş aýlanmak, ýuwutmakda kynçylyk, gürlemek we deri reňkiniň üýtgemegi ýaly täsirlerden ybaratdyr. Başlangyç tolgunma sarsgynlar bilen utgaşýar we CNS depressiýasyna geçýär. Esasy aýratynlyk bolsa, deriniň duýgurlygynyň ýitmegi bilen ýokarlanýan ysmazlykdyr.
Zäherliligine garamazdan, hemlok Gippokrat döwründen bäri dermanlyk ösümlik bolup gelýär. Ol lukmançylykda köpden bäri ulanylýar. Alkaloidler, ýaramaz täsirlerinden başga-da, belli bir konsentrasiýada güýçli immunostimulýasiýa, gipotenziki, antispazmodiki we ýarany bejermek täsirine eýedir. Hemlokyň bu häsiýetleri ony bejeriş maksatly ulanmaga mümkinçilik berýär. Ýöne bu zäherli ösümligi özbaşdak peýdalanmak ýa-da ulanmak gadagan hasaplanýar.
Gülşat Haýytmyradowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby


