Intensiw bagbançylyk miweli agaçlary we miweli gyrymsy agaçlary ösdürip ýetişdirmegiň täze progressiw usulydyr. Intensiw bagbançylyk bilen ekstensiw bagbançylygyň arasyndaky esasy tapawut, agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň ir we köp hasyl getirmegidir.
Intensiw bagbançylygyň näme manysy bar?
Intensiw bagbançylygyň maksady, belli bir ýerden mümkin boldugyça hasyl almakdyr. Has adaty baglar biri-birinden uzak aralykda uzyn, aýratyn hatar gök önümlerden durýar. Bag meýdanynyň köp bölegi hatarlaryň arasyndaky boşlugy eýeleýär. Intensiw bagbançylyk tarp ýerleri azaldýar.
Intensiw bagbançylyk, häzirki zaman sortlaryny, iň amatly dürlüligi we kök kombinasiýalaryny, şeýle hem ýokary hilli sarp ediş enjamlaryny ulanmaga esaslanýan oba hojalygynyň häzirki zaman ugrudyr. Intensiw bagbançylyk giňişligi tygşytly peýdalanmak we az mukdarda zähmet we pul bilen ýokary hilli miwelerden ýokary hasyl almakdyr. Häzirki döwürde dünýäniň dürli ýurtlarynda intensiw bagbançylyk işjeň ösýär. Onuň esasy aýratynlygy miweli baglar örän çalt miwe berip başlaýarlar, ekilenden soň ikinji-üçünji ýylynda eýýäm her gektardan 35-40 sentner hasyl alyp bolýar. Bu adaty baglara seredeniňde has ýokary netijedir. Bu bolsa ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün edýär we oba hojalyk önümleriniň bahalarynyň halka elýeterli bolmagyny gazanýar.
Intensiw bagbançylygyñ artykmaçlyklary we kemçilikleri
Intensiw bagbançylyk az zahmet işini talap edýär.
Her gektardan 100 sentnerden gowrak hasyl berýär.
Şeýle-de miweler ir bişip başlaýar. Adaty baglarda miweli agaçlar ekilenden 7-8 ýyldan soň intensiw bagbançylykda bolsa 2-3 ýyldan soň miwe berip başlaýar. Intensiw bagbancylyk girdejili pudaklaryň biridir. Bu pudagyň kemçilikli tarapy köp mukdarda başlangyç maýa goýum gerek bolýar, emma 2-3 ýylyň dowamynda edilen çykdajylary doly ödeýär. Şeýle-de hasyllylyk 7-8 ýyldan 12 ýyla çenli hasyl getirýär. Adaty baglarda bolsa hasyllylygy az emma 30 ýylyň dowamynda hasyl berýär.
Intensiw bagbançylygyñ kemçilikli tarapy intensiw bagyň diňe 7-8 ýyl, iň ýokary 12 ýyl hasyl berýär. Ondan soň jemi hasyl azalýar we ekişleri düýbünden täzelemeli bolyar. Adaty bag has az miwe berýär ýöne 30 ýyllap miwe berýär.
Intensiw bagbançylygyñ öz talaplary bardyr:
Intensiw bagbancylykda alma, armyt, erik, alça we beýleki miweli agaçlary, mundan başga-da gyrymsy karlik sortly miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek bolýar.
Baglar ekilende agregatlar geçip biler ýaly hatarlaryň arasynda aralyk bolmaly.
Miwe agajy köp hasyl getirýär. Şonuň üçin her bir miwe agajynyň baldagy saklar ýaly diregi bolmaly. Direg agaçdan, metaldan ýa-da plastmassadan bolup biler.
Baglary damjalaýyn usuly bilen suwarmaklyk amatly hasaplanýar. Şeýle edilende suw kök ulgamyna barýär erän dökünleri ýokary takyklyk bilen üpjün edýär.
Hasylly toprakly, ekişe oňat taýýarlanan, tekiz ýerde amala aşyrylýar.
Miwe baglarynyň aralarynyň belli bir derejede açyk bolmagy hatarara bejergileriň talaba laýyk geçirilmegini we baglary timarlamak işlerini geçirmäge we aňsatlyk bilen hasyly ýygnamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa edilýän çykdajylary ep-esli azaldýar.
Mähriban Artykowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Senagat balykçylygy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby