Dublin uniwersitet kollejiniň (UCD) alymlary Dubliniň demirgazygyndaky Dramanah başynda arheologiki gazuw işinde iki müň ýyllyk injir tapdylar. Bu barada “Ancient Origins” habar berdi. Alymlar bu burunda ozal Rim imperiýasynyň möhüm söwda nokadynyň bardygyny bellediler. Hut şol ýerde iki müň ýyllyk injir miwesiniň kömre öwrülen bölegi tapyldy. Bu täsin jisim Irlandiýada ýüze çykarylan ilkinji görnüşdir.
Bu ýerdäki gazuw-agtaryş işleri birnäçe ýyl bäri tomus aýlarynda geçirilýärdi. Arheologlar tarapyndan tapylan beýleki tapyndylarda keramiki we metal zatlar, şeýle hem kömür ýagdaýda saklanan iýmit galyndylary bar.
Dubliniň Arheologiýa mekdebiniň Gadymy iýmit önümleriniň gözleg toparynyň müdiri, professor Merial Makklatçi injir tohumynyň ozal orta asyr Dublinde, Korkda we beýleki şäherlerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylandygyny, ýöne soňky açyşyň diýseň möhümdigini aýtdy. “Irlandiýada onuň analogy ýok we bu ýerden tapylan ekzotik miwäniň iň köne mysaly”-diýdi.
Ýewropanyň köp bölegini, Aziýanyň we Demirgazyk Afrikanyň käbir böleklerine gözegçilik edýän Rim imperiýasy injir ýaly ekzotik önümler bilen köp söwda edipdir. Şeýle-de bolsa, şu wagta çenli bu miwäniň Irlandiýa getirilendigi belli däldi.
Döwlet HALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



