Kaktus miweleriniň iýilýändigi hemmämize mälim däl.Köpimiz üçin kaktus komýuteriň ýanynda durýan tikenli ösümlik.Emma bu beýle däl, kaktuslaryň arasynda iýmiş görnüşindäki dürli miweleri bar.Olara:
Opunsiýa-Iýilýän miweli köp ýaýran görnüş. Opunsiýanyň diňe bir miweleri däl-de eýsem baldaklary hem iýmit üçin ulanylýar.ilkibaşda olar ýaşyl reňkli bolýar, bişip başlanyndan soňra gyzylymtyl reňke öwrülýär. Miweleri örän kiçi we tikenler bilen örtülen. Şonuň üçin ellik geýmezden eliňize almak maslahat berilmeýär.
Gilosereus-bu kaktusyň miweleriniň ady Pitahaýa. Muny başgaça aždarha miwesi hem diýilýär. Bu kaktusyň watany Wetnamdyr.Etli bölegi turşymtyk tagamy bilen tapawutlanýar. Käbirleri pitahaýanyň tagamyny zemlýanika bilen hem deňeşdirýärler. Ony ter görnüşde we naharlara goşup hem ulanýarlar.
Mammilýariýa-bu kaktusyň miweleri hem iýilýär. Bular ýylyň dowamynda ýere gaçman ösüp bilýärler. Bu miwe özüniň turşy tagamy bilen tapawutlanýar. Ter görnüşinde we mürepbe taýýarlamakda ulanylýar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby