Dünýädäki agaçda ösýän iň uly miwe bu- Jekfrutdyr.Jekfruty ilkinji gezek görenleriň hemmesi gaty geň galýarlar.Ol tutlar maşgala degişli. Miwesiniň uzynlygy 20-90 sm, diametri 20 sm miweleriniň agramy 35 kg deň. Olaryň galyň derisi köp sanly konus görnüşli örtükler bilen örtülendir. Miweleri ýaşul bolýar,bişenlerinde ýaşyl sary ýa-da goňur sary bolýar.Kesilen miwäniň tagamy banan we ananasy ýatladýan ýakymly ysy bolýar. Miwe bişensoň, gabydy uzalar,elastik bolýar we inçe ys çykarýar. Gaty güýçli ys onuň bişendigini aňladýar.Artykmaç köp saklanan miwäniň reňki goňur bolýar we çalt zaýalanýar, ýöne 1-2 aýlap sowadyjyda saklanyp bilner. Onuň düzüminde A witamini, kükürt kaliý, kalsiý we fosfor saklanar.Jekfrut dermanlyk maksatlar üçin hem ulanylýar.Agajyň kökleri içgeçmäni bejermek üçin ulanylýar. Jekfrudyň ýapraklary ene süýt üpjünçiligini ýokarlandyrar diýip hasaplanylar.Jekfrut Banglaşiň milli miwesidir.Häzirki wagtda ol Günorta-Gündogar Aziýada we Filippinlerde has ýygy duş gelýär.Bu miweli agaçdan mebel we saz gurallary öndürilýär, sebäbi agaç berkligi we owadan altyn reňki bilen meşhurdyr. XIX asyrda Jekfrut agajynyň gabygyndan alnan sary boýag gaty gymmatly söwda önümi bolupdyr.Taýlandda ýüpek, pagta we monahlaryň eşiklerini boýamak üçin ulanylýar.
Näzikjemal Hojaýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby