Aziýanyň ylmy barlag topary senagatdan galan iýmitleri ulanmagyň usulyny tapdylar. Tokio
uniwersitetiniň senagat ylymlary instituty azyk galyndylaryny gurluşyk materiallaryny taýýarlamak üçin
gaýtadan işlemegiň usulyny oýlap tapdylar. Taýýar maddalaryň betondan has güýçlüdigi we tagamyny
hem-de iýmitleniş aýratynlyklaryny saklandygy barada «New Atlas» habar berdi. Ýapon ylmy barlag topary
deňiz suwotularyny, apelsinleri, soganlary, kädi we banan gabygyny ulandylar. Önümler wakuumda
guradylyp, ownuk hala getirildi, suw we tagam berijiler bilen garyldy hem-de ýokary temperaturada basyş
täsir etdirildi. Synagyň netijesinde birnäçe çig mal alyndy. Olaryň ählisi diýen ýaly egilmekde synag
edilende betondan has güýçlüdigini subut etdi. Şol bir wagtyň özünde, alnan taýýar «kerpiçleri» iýmek
mümkindi. Iýmit plitkalary dört aýlap ýaramazlaşmady.
Uly işgäri Kota Maçidanyň pikiriçe, kädi iýilýän
biobeton üçin iň ygtybarly çig mal boldy. Şeýle-de bolsa, alymlar onuň mehaniki aýratynlyklaryny nädip
ösdürmelidigini bildiler — kädiniň massasy hytaý kelem ýapraklary bilen berkidildi. Angliýada ilkinji gezek
sport zalynda pol döretmek üçin grafeniň ulanylandygyny bellemek gerek. Taýýar meýdança betona
garanyňda 30% güýçli we birneme ekologiýa taýdan arassa boldy.
Döwran BAÝRAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby