Kädi – Kädiler (Cucurbitaceae) maşgalasyna degişli ösümlikleriň biridir. Bu bakja ekin lezzet bilen iýilýär we köp keselleriň öňüni almak hem-de bejermek üçin ulanylýar.
Kädiniň düzümi:
- 90% — suw;
- 10% — A, C, B, B2, E, PP, T witaminleri, karotin (käşirden 5 esse köp), belok, kletçatka, minerallar, şeker.
Kädi bedeni arassalamagyň, suwuklygy aýyrmagyň, iýmit siňdirişi gowulandyrmagyň we diuretik hökmünde tebigy serişdedir. Görüşi, metabolizmi, gipertoniýany we inçekeseli gowulandyrmak üçin bejeriş iýmit hökmünde ulanylýar. Şeýle hem rak keseliniň öňüni almakda täsirlidir. Kädi dürli ýaşdaky adamlara iýmäge rugsat berilýär.
26-njy sentýabr — Daşky gurşawyň sagdynlygynyň bütindünýä güni
Kädiniň peýdaly aýratynlyklary:
Bagyr üçin
- Öt ýollarynyň işleýşini kadalaşdyrýar.
- Öýjükleriň täzelenmegine kömek edýär.
- Zyýanly holesterini aýyrýar.
- Uglewod çalşygyny gowulandyrýar.
- Bagryň işleýşini sazlamak bilen bir wagtyň özünde onuň bilen baglanyşykly organlaryň (peşew ulgamy we içegeler) ýagdaýyny gowulandyrýarlar:.
Ýürek üçin
Zyýanly holesterin, kädiniň düzümine girýän fitosterollaryň kömegi bilen gysylyp çykarylýar. Bu bolsa ateroskleroz, tromboz, ýürek agyry we insult ýaly keselleriň töwekgelçiliginiň azalmagyna täsir edýär. Kädiniň düzümindäki kalsiý we magniý ýürek myşsasyny güýçlendirýär we gan basyşyny peseldýär. Kädiniň çigidi ýüregiň işemiýa keselliniň öňüni alýar. K witamini ganazlyk howpuny azaldýan trombositleriň emele gelmegine gatnaşýar.
Sarp edilişi çäklendirilen keseller:
- Süýji keseliniň agyr görnüşi. Gokary glisemiki görkezijä eýe bolup, ganyň şekeriniň düýpli ýokarlanmagyna itergi berýär. Ony diňe lukmanyň görkezmesi boýunça bişirilen ýagdaýda iýmeklik maslahat berilýär.
- Gastrit, aşgazan şiresiniň turşulygynyň peselmegi (kädi aşgarlaşmaga itergi berýär).
- Aşgazan-içege keselleri. Çigidinde esasanam salisil turşusy köp saklanýar.
- Içege sanjysy, içiň çişmegi.
Gurbantäç BEGJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby