Kädiniň jana şypaly we ýokumly gök önümiň peýdaly taraplary barada köp maglumatlar bar. Emma bu gök önümiň Watany nire we ilkinji nirede ýüze çykdy?
Kädiniň watany Meksika ýagny Merkezi Amerikadyr. Ol Amerikadaky iň gadymy gök önümdir.Arheologlar Peruda mekgejöwen ekilmezden ozal kädiniň ösdürip ýetişdirilendigini öňe sürýärler.Amerikaly hindiler iýmit üçin kädini ulanypdyrlar we ondan gap-gaçlary ýasamagy başarypdyrlar. Wawilowyň 1926-njy ýylda Demirgazyk Afrika eden ekspedisiýasy wagtynda ýabany kädi tapyldy. Bu açyş, şol ýeden kädiniň bütün dünýä ýaýrandygy baradaky çaklamany döretdi.
Kädi esasanam, çorba, pirog we dürli iýmitleri taýýarlamakda ulanylýar. Kädi ýerzeminde gowy saklanýar.Howanyň temperaturasy +15° Ç-den +2° Ç-den pes bolmaly däldir. Kädi göni gün şöhlesine sezewar bolmaly däl we biri-birine ýakyn durmaly däldir. Kädi özünde köp derejede mikroelement saklaýan örän peýdaly dermanlyk gök önümdir. Olarda: Ç,E,B1,B2,PP witamineri, kaliý,kalsiý,demir, magniý,sink,kremniý,ftor,kobalt köp saklanýar. Munuň bilen baglylykda, kädini ganazlykdan ejir çekýän adamlara iýmek maslahat berilýär.Kädiniň şiresi bokurdak agyrysyny aýyrýar we immuniteti ýokarlandyrýar.Bal bilen kädi taýýarlanylanda ukusyzlygyň öňüni almakda täsir edýär.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby