Kakao ösümliginiň adam saglygyna peýdasyny we zyýanyny öwrenmek üçin XVIII asyrda ýaşan şwesiýaly lukman we tebigatçy Karl Linneý kakao noýbasynyň bejeriş güýjüni özünde synag geçirdi. Latyn Amerikasynyň ýerli hindileri şol döwürde kakao ýagyny we külkesini dermanlyk maksatlary bilen ulanypdyrlar we iýmite goşupdylar. Biologlar tarapyndan geçirilen barlaglar, kakao miweleriniň adam bedeniniň we ulgamlarynyň işlemegi üçin zerur 300-den gowrak peýdaly maddanyň bardygyny tassyklaýarlar. Esasy kakao öndürijiler: Braziliýa, Nigeriýa, Kamerun, günbatar Afrika döwletleri bolan Trinidad we Tobago, Indoneziýa bolup durýar. Emma esasy öndüriji Kot D’Iwuar respublikasy dünýäniň şokolad noýbasynyň hasylynyň 30%-ini öndürýär.
Agaçdan alnan miweleri biziň göz öňüne getirişimizden düýpgöter tapawutlanýar. Ýaşylymtyl we sarymtyl “gutularyň” etli böleginde agramy 500 gram we uzynlygy 18-20 sm bolan turşy ajymtyk adam saglygy üçin örän peýdaly bolan däneler ýerleşýär. Ter miweleriň himiki düzümi, beden üçin zerur bolan kislotalaryň, makro we mikroelementleriň dürlüligi bilen haýran galdyrýar. Ol A, E, H, B1, B2, B6 witaminleri, beta-karotin, kaliý, magniý, fosfor, kobalt, molibden, sink, selen, marganes, doýan we doýmadyk ýaglar, Omega-3 we Omega-6 kislotalaryny saklaýar.
Aknur Italmazowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby


