Tebigat öz täsinlikleri bilen adamy haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Zebra reňkli ýylan munuň aýdyň şaýady. Ýylan asyl özi täsin jandar täsin gurlyşy bar. Emma adatdan daşary zebra reňkli ýylan has hem täsindir. 2025-nji täze ýyl hem ýylan ýylydyr. Ýylana köp ýurtlar bilimiň, güýjüň, üstünligiň nyşany hökmünde seredýär.
Zebra reňkli ýylan ol Kaliforniýa şa ýylany diýip atlandyrylýan ýylandyr
ABŞ-nyň Günbatar böleginde, Meksikada we Kaliforniýada duş gelýär. Olaryň meşhurlygy esasan owadan reňkleriniň we terbiýelenmäge amatly häsiýetleriniň netijesinde ýüze çykýar. Bu ýylanlaryň gaty täsin reňk sazlaşygy bar, ol sazlaşyk tebigy ýagdaýda ýüze çykýar. Ak we gara reňk gezekleşip gelýär netijede bu ýylanyň reňki zebranyň reňkine meňzeýär. Olar tokaý, gyrymsy, batgalyk, öri meýdanlary, ýarym çöller, çöller we ekin meýdanlary ýaly köp dürli ýaşaýyş ýerlerinde ýüze çykýan ýerüsti durmuş ýörelgesini alyp barýar. Hin hökmünde gaýalaryň arasyndaky we daşlaryň aşagyndaky boşluklary ulanylýar. Bu ýylanlarynyň iýmitine ýerde-suwda ýaşaýanlar, ownuk süýdemdirijiler we beýleki ýylanlar degişli. Olar hatda zäherli ýylanlary hem iýýärler. Sebäbi zäherden üstün çykýan immun ulgamy bolýar.
Olar zäherli däl, we adamlar üçin howp abandyrmaýar emma awlaryny bogup öldürýärler.
Tebigy şertlerde 20 ýyla çenli ýaşaýarlar. Tebigatda az duş gelýär. Onuň uzynlygy 2 metre ýetip biler. Ylmy ady lampropeltis getula californiae bolup, lampropeltis sözi grek sözi bolup «ýalpyldawuk» diýen manyny berýär. Ol ada bedninde ýalpyldawuk öwüşgin bardygy üçin eýe boldy. Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň ölçeglerine görä, görnüş goralmaga mätäç. Tebigy ýagdaýda ABŞ-nyň milli seýilgählerinde goralýar. Kaliforniýa şa ýylany esasan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we birnäçe beýleki ýurtda öý haýwany hökmünde saklanylýar. Onuň ýuwaş häsiýeti we zäherli bolmazlygy sebäpli, ýylan seretmegi öwrenýänler üçin hem amatlydyr.
Ol Kanadada hem öý haýwany hökmünde saklanýar. Ýewropa ýurtlaryndan Angliýa, Germaniýa, Fransiýa, we beýleki Ýewropa ýurtlarynda Kaliforniýa şa ýylany öý haýwany hökmünde meşhurdyr. Ol haýwan sergilerinde we festiwallarda ulanylýandygy üçin giňden tanalýar.Ýaponiýada hem ekzotik öý haýwany hökmünde ýylan saklamak däp bolup, ol ýerde Kaliforniýa şa ýylany tanymaldyr.
Gülnar GOÇOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby