Kanola (Brassica napus) kelemliler maşgalasyna degişli, ýag berýän hem-de düzümindäki eruk kislotasy (эруковая
кислота) we glýukozinolaty janly organizmer üçin zyýanly bolan ösümlik görnüşidir. Onuň ýagy, ösümligiň özünden
tapawutlylykda zyýanly däldir. Ol adamlar hem-de öý mallary üçin iýmitlik hökmünde ulanylýar. Kanola ýagy, soýa
ýagy ýaly bolup, diňe bir iýmitlik üçin däl eýsem şem, pomada, senagat ýagy, gazet syýa, bioýangyç ýaly önümleri
öndürmekde ulanylýar. Bu görnüş ilkinji gezek Kanadada ösdürilip ýetişdirilendigi sebäpli «canola» ady, iňlis dilindäki
«Kanada» we «Ola» (Oil Low Acid — «pes kislotaly ýag») sözlerinden gelip çykýar. Kanola (Brassica napus Canola
Oleifera sp.) gyş we tomus fiziologiki döwri öz içine alýan ýag alynýan strategiki ekindir. Dänesi 38-50% ýag we 16-
24% belok saklaýar. Ulanmak üçin diňe bir howpsuz bolmak bilen çäklenmän, eýsem omega-3 ýag kislotasyny-da
düzüminde saklaýar, şeýle hem infarktyň we insultyň öňüni alyjy serişde hökmünde hyzmat edýär, çünki gandaky
holesteriniň derejesini peseldýär.
Merjen KAZAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby