Karambola — (lat. Averrhoa carambola), Şri-Lankada, Hindistanda we Indoneziýada ösýän we häzirki wagtda Turşujalar maşgalasynyň Averroa urugynyň bir görnüşi bolan Günorta we Günorta-Gündogar Aziýada ösýän hemişe gök öwüsýän agaçdyr. Karambolanyň uzynlygy 50
santimetre çenli çylşyrymly akasiýa ýapraklary, gülgüne reňkli gülleri bar. Bu agajyň telpekligi dykyz bolup, boýy 5 metre ýetýär. Tropiki
ösümlikleriň köpüsinden tapawutlylykda karambola ýagtylygy köp talap etmeýär. Turşujalar maşgalasynyň beýleki görnüşleri ýaly, ýaprak
plastinkalar adamyň eli degende ýygrylýar.
Bu agaç çyglylygy söýýär, emma otag şertlerinde hem ösdürilýär. Karambolanyň güli aktinomorf (5 sany okara ýapragy we 5 sany gül ýapragy) we ikijynsly, düwünçegi ýokarda ýerleşýär. Miwesi ir-iýmişe degişlidir. Karambola miweleri başgaça «tropiki ýyldyzlar», «ýyldyz miweleri» diýlip atlandyrylyp, adatça sary ýa-da sary-goňur reňklerde bolýar. Miwesi ýylmanak, saryýaşyl, bäşgranly bolup, kese kesigi bäş burçly ýyldyzy emele getirýär. Miweleri kitirdewük, şireli we süýjümtik-turşy ýa-da süýji tagamly
bolýar. Olar C witamininiň çeşmesidir. Karambolanyň ýetişýän wagty maý aýynda başlaýar we awgust aýynda tamamlanýar. Karambola esasan kokteýlleri ýa-da desertleri bezemek üçin ulanylýar.
OGULJAHAN MAŞADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby