Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine baglylykda diňe bir agaçlar we gyrymsylar däl, eýsem gül ösümlikleriniň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilip bezeg bagçylykda giňden ulanylýar. Şeýle gül ösümliklerine ýurdumyzda bezeg-bagçylykda ekilýän, owadanlygy bilen tapawutlanýan katarantus ösümligini-de degişli etmek bolar. Katarantus Kutrolar (Apocynaceae) maşgalasynyň Katarantus (Çaharanthus) urugyna degişlidir. Oňa başgaça gülgüne barwinok hem diýilýär. Katarantusyň birýyllyk we köpýyllyk 7-8 görnüşi bardyr.Boýy 30-60 sm çenli bolýar. Ýapraklary garşylyklaýyn ýerleşen, üst ýüzi ýalpyldawuk, uzynlygy 2,5-8 sm çenli bolýar. Gülleri gülgüne gyzyl, gyzylymtyl ak reňkli bolup, diametri 3 sm çenli bäş sany gül ýaprajyklydyr. Miwesi iki sany orak şekilli içi gara tohumlyja gabyjak. Owadan gülleri we ýapraklary bilen bezeg-bag ähmiýeti örän ýokary. Katarantus otag şertlerinde we açyk meýdanda ösdürilip ýetişdirilip, bezeg-bagçylykda giňden ulanylýar.
Karantus gülüniň ýagtylyga bolan talaby
Katarantus ýagtylygy söýüji ösümlik. Suwy köp talap edýär. Kadaly ösmegi üçin aram temperatura (15-22°C) amatly. Iň esasysy toprakda ösümliklere zyýan ýetirýän duzlaryň artykmaç mukdary saklananda katarantusyň ösmegi üçin ýaramaz täsir ýetirýär. Katarantus tohumyndan we çybygyndan köpeldilýär. Köplenç, katarantus tohumyndan köpeldilýär. Aprel-maý aýlarynda katarantusyň tohumlaryny gurply, suw geçirijiligi gowy bolan topraga ekilýär. Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde katarantusy tohumyndan köpeltmek üçin torf (70%) we çäge (30%) ýa-da gurply toýunsow toprak garyndysynda ýörite gaplarda ekýärler. Tohumyň ekiliş çuňlugy 1,5 sm-den çuň bolmaly däl. Bir gaba 2-3 gül tohumy ekilende, ösüp çykan güller owadan şekili emele getirýär.
Tohumlary ekip, 23-24°C temperaturada wagtly-wagtynda suw berlende 7-10 günde ösümlikler ösüp çykýar. Ylmy maglumatlara görä, tohumlar ekilenden soň olary garaňkylandyrmak zerur bolup durýar, şonuň üçin gara reňkli plýonkalar bilen ýapmak maslahat berilýär. Emma bagbanlaryň tejribesinden polietilen plýonka bilen ýapylmasa-da, tohumlar gowy gögeriş berýär. Garynda ekilen tohumlara howa şertlerine baglylykda her güni ýa-da 2-3 günden suw berip durmaly, emma aşa çyglandyrmaly däl. Ösüp çykan ýaş ösümliklerde dört sany ýaprak emele gelende olary gurply topraga ýörite gaplara göçürýärler. Öserler gögerip çykandan 2-3 hepdeden soň dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmeli bolýar.
Karantus gülüniň ösdürilip ýetişdirilýän ýerleri
Katarantus gök çybyklary bilen hem köpeldýärler. Onuň üçin agaçlaşyp ýetişmedik 1-2 sany bogny bolan ýaşyl çybyjagy kesilip alynýar. Kesilen çybyjaklaryň ýokarky ýapraklaryndan galanlary aýrylýar. Gowy köklemegi üçin bir gije-gündizläp kök çykaryjy serişdeler garylan suwa çybyjagyň aşaky ujy batyrylyp goýulýar. Soňra olar arassa suwa batyrylyp goýulýar we şeýle edilende 25-30 günde çybyjaklardan kökjagazlar emele gelip başlaýar. Ösdüriji serişdeler bolmadyk ýagdaýynda, onda göni arassa suwa salynýar.
Kesilen çybyjaklaryň aşaky ujuny ýiti pyçajyk bilen kese edip kesip, gurply topraga (70% torf + 30% çäge garyndysy) ekýärler we üstüni aýna gap ýa-da polietilen plýonka bilen örtýärler. Bu usul bilen köpeldilende çybyjaklaryň gowy köklemegi üçin temperatura 20°C-dan pes bolmaly däl. Öý şertlerinde ekilende çalt ösýänligi üçin her ýyly gyrkylýar we göçürilýär. Emma katarantusy öý şertlerinde üç ýyldan köp wagt ösdürmek maslahat berilmeýär. Onuň üçin bolsa katarantusy çybygyndan köpeldip ýaşardyp durmaly bolýar.
Türkmen oba hojalyk instituty
4-nji ýyl talyby Mämmedowa Baýramsoltan