Uçup bilýän zebrany göz öňüne getirip bilersiňizmi? Emma beýle zat hakykatdanam bar. Bu kebelek toýnakly hem-de guýrugy bolan hakyky zebra däl, reňki we daşky keşbi boýunça zebranyň reňkine meňzeýän owadan kebelekdir. Onuň ylmy ady Diaethria anna diýilip atlandyrylýar. Siz gezelenç edýän wagtyňyzda Demirgazyk Amerikanyň ýa-da Kanadanyň üstünden syýahat edýän bolsaňyz, bu ajaýyp owadan ak-gara täsin kebeleklere duşup bilersiňiz.
Zebra meňzeýän kebelek

Zebra meňzeýän kebelegiň ýene-de bir täsin görnüşi bar. Ol “Eurytides marcellus” atly özboluşly ganat görnüşi we uzyn guýruklary bolan we ak-ak zolakly nagyşlary zebrany ýada salýan kebelekdir. Ol gündogar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Kanadanyň günorta-gündogarynda duş gelýär. Bu Tennes ştatynyň kebelegidir. Kebelekler agaçlardan uzakda seýrek duş gelýär. Bu kebelekler dürli ösümlikleriň ýapraklary bilen iýmitlenýär. Kebelekleriň ululary bolsa gaty täsin jandarlardyr ol gül nektary hem-de toprakdaky minerallar bilen iýmitlenýärler.
Zümrüd kebelek
Zümrüd kebelek ýa-da tawus kebelek diýip atlandyrylýan bu kebelegiň ylmy ady Papilio crino diýilip atlandyrylýar. Dünýäde onuň 550 görnüşi bolup dünýädäki iň owadan kebelekleriň biridir. Zümrüt kebelegi zümrüt daşyna meňzeýär. Bu täsin ganatly jandarlar köplenç Günorta-Gündogar Aziýada duş gelýär we mahmal ýaşyl zolakly ganatlary bar. Onuň bu ajaýyp keşbi oňa 10 güne çenli rahat ýaşamaga mümkinçilik berýär. Ýagny bu kebelegiň daşky görnüşi duşmanlaryndan goranmaga kömek edýär.

Chrysiridia Rhipheus diýip atlandyrylýan kebelek iň täsin kebelekleriň biri hasaplanýar. Bu kebelek diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem ululygy bilenem tapawutlanýar. Onuň ganatlary uzynlygy 7-9 sm ýetýär. Yzky ganatlarynda kebelege adaty bolmadyk kiçijik guýruklary bolýar. Bu owadan kebelek her bir adamyň ünsüni özüne çekýär.

Bu täsin kebelege Parnassius Apolla diýip atlandyrylýar. Bu kebelek görnüşi daglarda we gülli dag çemenliklerinde, kontinental Ýewropa daglarynyň öri meýdanlarynda, Ispaniýada, Skandinawiýada we Merkezi-Ýewropada, Gresiýanyň demirgazygynda we Italiýa bilen Fransiýanyň arasyndaky Alp daglarynda has köp duş gelýär. Bu täsin kebelek köp sanly jahankeşdeleriň hem ünsüni özüne çekýär. Parnassius Apolla atly täsin kebelek gözel tebigatymyzyň görküne has-da görk goşýar.

Bu täsin kebelegiň ylmy ady Atrophaneura semperidir
Bu kebelekleriň uzynlygy 12-15 sm bolan gara ganatlary bardyr. Bedeniň gyzyl saçlary bar. Arka taraplaryň aşagynda käbir gyzyl bellikler bar. Kebelegiň zenan görnüşlerinde ganatlarynyň ýokarysynda açyk gülgüne reňkli bellikleri bar.

Bhutanitis thaidina kebelegi Hytaýyň günorta-günbataryndaky esasanam Nanunnan we Siçuanda has köp duş gelýär. Taýlandda ýaşaýyş ýerleriniň weýran bolmagy sebäpli belli bir derejede bu kebelekler ýok bolup gitdi. Bu kebelegiň uzyn garny bolup ol teneçirlere hem meňzeýär.
Gülnar GOÇOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

