Koriandr (kolýandra) — Coriandrum sativum L. – Seldereýler — Apiaceae maşgalasyna degişli bolan birýyllyk ösümlikdir. efir ýagly ösümlik bolup, ol linalol, desilaldegid, terpenler we beýleki örän gymmatly birleşmeleri öz içine alýan 0,2 — 1,2% efir ýagyny saklaýan miweleri almak üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýag parfýumeriýada fialka, limon, liliýa, bägül, landyş ýaly gülleriň we ş.m. ysy bolan aromatiki maddalary öndürmek üçin ulanylýar. Efir ýagyndan başga-da, koriandryň miwelerinde oleýin kislotasynyň gliseridlerine baý bolan 18-22% ýag kislotasy saklanýar.
Olar sabyn ýasamakda, dokma we poligrafika (çaphana) pudagynda ulanylýar. Koriandryň tohumy lukmançylykda, konditer önümçiliginde we beýleki pudaklarda ulanylýar. Miwelerden efir ýagyny arassalandan we ýagy dargadylandan soň alnan iým, mallar üçin oňat konsentrirlenen iýmitdir. Zakawkazýe we Gündogar ýurtlarynda koriandryň ýapraklary tagam beriji hökmünde ulanylýar. Koriandr oňat bal berýän ösümlikdir. Koriandr gadymy ekin bolup, ol Aziýada, Afrikada, Ýewropada we Amerikada gadymdan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Koriandr tohumynyň hasyllylygy ortaça 10-12 kg/ga barabar. Oba hojalygynyň ýokary derejesi bilen 20-25 s/ga ýa-da ondan hem ýokary bolup biler.
Koriandryň kök ulgamy ok şekilli, ýokarky baldagy şahalanýan, beýikligi 50-100 sm-e çenli ýetýär. Ýapraklary nobatlaýyn, aşaky uzyn sapaklarynda ýelek şekilli, ortakyda– ikileýin ýelek şekilli, ýokarkyda – dar çyzykly ülüşlere güýçli bölünen bolýar. Çylşyrymly saýawan gül çogdumyny emele getirýär. Gülleri ownuk, ak, açyk gülgüne, sary, bäşleýin tipli bolýar. Düwünçegi pes, iki öýli bolýar.
Iň köp ýaýran sortlary: Smena, Şöhle, Ýantar, Kirowogradskiý, Irki.
Aýnur ÇÄŞEMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby