Landşaft şekilli döredilýän seýilgähler öň ösüp oturan ösümliklere we meýdançlaryň tebigy tekizligine esaslanýar we geometriki şekilleriň bolmazlygy bilen häsiýetlendirilýär.
Landşaft şekilli seýilgähleriň esasy alamatlary egri ýollardan we ýodalaryň bolmagy, suw howdanlarynyň, basseýinleriň, emeli kölleriň nädogry şekilleri, meýdançalaryň bellibir geometriki şekili meňzeş bolmazlygy,agaçlyklaryňwe gyrymsy agaçlaryň öz akmyna toparlanmaklary we başgalar degişlidir.
Şeýle seýilgählerde ösümlik toparlary açyk meýdançalarda, köljagazlar, basseýnler bilen gezekleşýär, alleýalar, ýollar, ýodalar bilen kesişýär. Şunuň ýaly baglarda agaçlary we gyrymsy agaçlary gyrkmak maslahat berilmeýär. Kä halatlarda özünde kadaly (geometriki) we landşaft şekillerini jemleýän seýilgähler hem bolýar. Häzirki wagtda iň kabul edilýän taslamalar landşaft şekilindäki seýilgählerdir. Sebäbi, ol meýdançanyň tebigy tekizlik ýagdaýyny saklaýar, özüniň gözelligi hem-de janly tebigatda ýakynlygy bilen tapawutlanýar. Landşaft şekilindäki seýilgähler örän çalt möhletde gurulýar. Şonuň üçin tebigy materiallaryň we düzüm bölekleriň (relýef, suwçeşmeleri, tokaýmassiwleri we ş.m.) has doly peýdalanylmagy diňe bir ýokary çeperçilik bilen guralan seýilgähleriň döremegine mümkinçilik bermän,eýsem olaryň gurluşygynyň we ulanylmagynyň arzan bolmagyna hem getirýär. Seýilgähleriň taslamasy düzülende esasy pyýadalap gezelenç etmek üçin niýetlenen ýollaryň giňligi 10 m çenli edilýär. Beýleki ýollary bolsa 3-5 m giňlikde geçirilýär.
Seýilgähleriň içindäki ýoljagazlary geometrik şekillerde gurlanda adatça olar biri-biri bilen burç arkaly sepleşýärler. Seýilgähiň meýdanynyň 3-den 2 bölegini dürli görnüşdäki iri miweli gyrymsy agaçlar, gazonlar, gülzarlyklar we ş.m.tutýar. Ýollar, ýodalar, medeni-aň bilim edaralary seýilgähiň 3-den 1 meýdanyny tutýar. Seýilgähiň takmynan 50% meýdanyny iri agaçlar, galan bölegini bolsa gyrymsy agaçlar, gazonlar, gülhanalar eýeleýär. Seýilgähleriň taslamasy düzülende olaryň döredijilik meýdanynyň tebigy gözelligi, onda oturdyljak agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň biologiki, morfologiki we agroekologiki aýratynlyklary, oturdyljak gül ösümlikleriniň bezeg aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr.
Azat Gazakmyradow
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby