Onuň esasy sütüniniň boýy belli bir uzynlyga ýeteninden soň, gapdal şahalary aýlanyp, aşak sallanyp ösýär. Leýlisaç tuduň ýapraklary, gülleri, miweleri ak tut we gara tut görnüşleriniňkä meňzeş bolýar. Tuduň, köplenç, landşaft dizaýnynda, seýilgählerde, dynç alynýan ýerlerde bezeg-bag ösümligi hökmünde ulanýarlar. Leýlisaç tudy sapmak arkaly köpeldýärler. Sebäbi bu tuduň tohumlaryndan köpeldilip, ösdürilen tut nahallary dik ösýän tut agaçlaryna meňzeş bolýar. Tut agajynyň gowy bişen, hili gowy bolan miwelerinden tohumlar ýygnalyp alynýar. Onuň üçin tudanalary ýygnap, tohumyny lötünden ýuwup arassalap alýarlar. Tohumlary kölegede guradyp, soňra indiki ýylyň ekişine çenli mata haltajyklarda salkyn jaýlarda saklaýarlar. Tohumlardan gowy gögerijilik alnar ýaly ekişden öň olary işläp bejermeli bolýar. Tohumlary ekmek üçin 1-3 gije-gündiziň dowamynda suwda ezýärler. Bu çäre tohumyň dynçlyk döwrüni ep-esli gysgaldýar, gögerijiligini ýokarlandyrýar.Güýz aýlary tut ekiljek ýerlere güýz sürümi geçirilýär. Güýz sürümiň aşagyna 60 kg/ga azot, 45 kg/ga fosfor dökünleri ders bilen garylyp berilýär. Ekiş ýaz aýlary geçirilýär. Ekmek üçin 1 gektar meýdana 10-14 kg tohum harçlanýar. Tohumlary ekmek üçin ýerler ekişe taýýarlanýar.
Onuň üçin gowy sürlüp, tekizlenen ýerlere hatararasy 60-70 sm edilip keşler çekilýär. Keşleriň ýokarsynyň ini 30-35 sm bolýar. Soňra keşlere suw tutulýar we ýerler taba geleninden soň, ekiş geçirilýär. Tohumlar ekilenden topraga gyradeň düşer ýaly ekilmezinden öň yzgarly çäge bilen gowy garyp, soň ekýärler. Tohumlar keşleriň iki gyrasyna ekilýär. Tohumlaryň üsti ýene-de çäge ýa-da agaç garyndysy bilen örtülýär.Ekişden soň hatararalary haşal otlardan arassalamak we wagtly-wagtynda suw tutmak, dökünlemek işlerini geçirmeli. Ösüş suwlaryny howa şertlerine görä, yssy howada her 3-4 günden bermeli. Tohumlar gögerip çykandan soň 60 kg/ga mukdarda azot, 45 kg/ga fosfor dökünlerini bermeli. Tut çalt ösýän agaçlara degişlidir. Şonuň üçin onuň bir ýyllyk nahallarynyň boýy 100-120 sm çenli ýetýär. Tut nahallary 2-3 ýyllyk bolanyndan soň, olara ösüp oturan leýlisaç tuduň çybygyny sapýarlar.
Sapmak işini geçirmek üçin ýörite ulanylýan gurallar çakgy, öl esgi, bag gaýçysy, sapylan agaçlary saramak üçin sargy bolmaly. Sargyny polietilen plýonkadan inini 1,0-1,2 sm, uzynlygyny 2025 sm lenta şekilli edip taýýarlanmaly. Sargy üçin tut çybygynyň gabygyny ýa-da ýörite bag sargysyny ulansaň hem bolýar.Onuň üçin nahallaryň sütünjigine leýlisaç tuduň çybygy sapylýar. Şonda nahalyň sütüniniň ýogynlygy bilen üstki sapylýan çybygyň ýogynlygy deň gelmeli. Sapylan wagtynda aşaky çybygyň sapylmaly ýeriniň ýokarky ujy gytak kesilip, biri-birme kybapdaş ýerleşdirilmeli. Soňra sapylan ýere howa aralaşyp, guratmaz ýaly ýuka ýasyja sargy bilen berk saramaly. Sapylandan 12-15 gün geçenden soň olar biri-biri bilen alyşyp gidýär.
Türkmen oba hojalyk instituty
4-nji ýyl talyby Artykmammedowa Tazegül