Çerrik – boýy 1-7 sm bolan tüýlek birýyllyk ösümlik. Düzüminde protoapemanin atly zäherli maddany saklaýar. Gülleýan döwrinde zäherligi has güýçli bolýar. Guranda zäheri aýrylýar. Mallaryň köpçülikleýin zäherlenmegi çerrigiň gür we tutuş bütin ýerinde köp bolýar. Şonuň üçin çygly ýaz aýlary olaryň bitýan ýerlerini barlag astynda saklamaly. Gurak we sowuk ýazly ýyllarda gaty ösmeýar. Ýagny mal iýerden pes bolýar.
Manyrsak – ikiýylyk ösümlik bolup, köplenç ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde haşal otlaryň biten ýerlerinde ýaýraýar. Diňe şorlaşan ýerlerde ýaýran däldir. Düzüminde iýossiýamin we weskopalamini alkalodlerini saklaýar. Ösýan döwrinde ösümligiň hemme organlary zäherleridir we howpludyr.
Ýüzärlik – boýy 40-60 santimetr bolan, köpýyllyk, otjumak ösümlikdir. Türkmenistanyň ähli ýerlerinde diýen ýaly bar. Olaryñ uzyn we topraga çuň aralaşýan kök ulgamy bolup, ŷerasty suwlar bilen özüni üpjün edýar. Öri meýdanlarda haşal ot hökműnde ýaýrandyr. Esasam hem guýularyň başynda, ýaplaryň gyralarda toýunsow toprakly ýerlerde köp ýaýrandyr. Mallar göklügine iýmeýar, zäherli hasap edilýar. Zäherlenen mallaryň içi geçip, aýaklary diýen etmeýar. Düzüminde garmotin, garmin, piganin alkoloidlerini saklaýar. Mallaryň goturyny aýyrmak üçün derman höküminde ulanylýar.
Messek bugdaý –Boýy 40-80 santimetr bolan, birýyllyk, sümmülli, az sanly gaty baldakly ösümlik. Ýazlyk ekinleriň içinde ösýar. Däneliler onuň bilen garyşanda adam üçin howply bolýar. Şol dänelilerden çörek edilip, iýilse adamyň başyny aýlaýar, ysgyndan gaçyrýar. Adamyň saglygyna zeper ýetirýar. Mallar onuň ýapragyny we baldagyny başlamanka gowy iýýarler.
Ogulnur Nepesowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby