Mamordika – hindi nary
Mamordika – Daşky görnüşi boýunça adaty bolmadyk, ownuk açyk sary hyýara meňzeýän hindi narynyň watany Hindistan hasaplanýar. Kädiler maşgalasyna degişli bolan bu ekzotik ösümlik – momordica gür ýaşyl ýaprakly we güneşli reňkli miweler bilen owadan çyrmaşýan lian bolup, gaty çalt ösýär. Şonuň üçin ony haýatyň ýa-da toruň golaýyna ekip, ajaýyp bir gorag zolagyny döredip bilersiňiz. Momordika birýyllyk ösümlik bolup, ýylylygy, gün şöhlesini we bol suwarmagy talap edýär.
Adatça tomsuň başynda topraga ekilýär we iýun aýynyň ahyryna jasmin güli ýaly näzik ysy bilen uzyn baldaklarda ownuk açyk sary reňkli pyntyklar bilen gülläp başlaýar. Momordikanyň miweleri uzyn, açyk mämişi bolup, ownuk tikenjikler we murtjagazlar bilen örtülendir, takmynan 10-15 sm ululykda bolýar. Miwesini kesip, nar tohumyna meňzeýän uly gyzyl tohumlary tapyp bilersiňiz. Ösümlik diňe bir iýilmän, dermanlyk maksatlaýyn hem ulanylýar. Momordikanyň kädini ýa-da salýan özboluşly tagamy bar. Şonuň üçin ony bişirmezden ozal miwäniň etlek bölegini duzlurak suwa batyrmak maslahat berilýär.
Azat GAZAKMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby