Maý landyşy atly owadan gül päkizeligiň, söýginiň nyşany bolmak bilen ol Fransiýa köp düş gelýär. Her ýyl maý aýynyň ilkinji güni Fransiýada landyş baýramy bellenilýär. Bu gül özine çekiji häsiýete eýedir ýagny gar ýaly ak gülleri aşaga egilen jaň şekilli we örän hoşboý ysy bardyr. Şol sebäpli parfumeriýada hem giňden ulanylýar. Muňa başgaça jülgäniň liliýasy hem diýilýär. Ylmy dilde convallaria majallis diýlip atlandyrylýar. Bir ülüşli ösümliklik bolup ol köpýyllykdyr. Uly ýapragy bolup bir düýbünde 3 sany ýaprak ýerleşýär, şol hem bu güle goşmaça görk goşýar. Ýapraklaryň arasyndan bir baldak çykyp şol baldakda hem gül emele gelýär we asylyşyp durýar. Boýy 15-30 sm-e deňdir. Howa gowy bolsa maýda gülleýär. Eger maýdan soň güllese şol ýylyň sowuk bolandygyny aňladýar ýagny şol gülüň gülleýiş döwrüne gözegjilik edip beýleki ekinleriň hem şol ýyl nähili hasyl berjekdigini anyklap bolýar.
Miwesi güýzde ýetişýär. Miwesi üç kameraly goza diametri 6-8 sm. Reňki mämişi gyzyl bolup daşyndan tanamak mümkin. Her kamerada iki tohum bolýar. Miwesi adamlar we haýwanlar üçin zäherli emma käbir zähere durnukly gemrijiler iýýär. Köki güýçli ösen we onda agymtyl teňňe görnüşli görnüşini özgerden ýapraklary bar. Ýerasty baldagy bolýar ol gysga we gyşda topragyň aşagynda gyşlaýar. Kornewişşesi arkaly köpelýär. Kölegäni halaýar. Zäherli bolandygy sebäpli ol ýürek kesellerini bejermekde we rahatlandyryjy hökmünde derman senagatynda ulanylýar. Bu gül halka gadymdan bäri mälimdir.
Fransuz ýazyjysy Henri Murger jülgäniň liliýasyny höwes bilen haýran galyp synlaýan eken. Ol her ýazda Parižiň etegine ýörite şol güli synlamak üçin gidýän eken.Ilýiç Çaýkowskiý bolsa birnäçe goşgularyny jülgäniň liliýasyna bagyşlapdyr. Nikolaý Kopernige bagyşnalan gadymy kitaplarynyň köpüsinde potreti ýerleşdirip elinde bolsa jülgäniň liliýasy şekillendirlipdir. Bu ýerde jülgäniň liliýasynyň şekillendirilmegi Kopernigi öz döwürdeşleri tarapyndan diňe bir astranom, matematik däl-de botanik we lukman hökmünde tanalýandygyny görkezýär. Häzirki döwürde hem maý landyşy uly hormata eýe.
Ogulgerek ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby