Weather Data Source: wetterlabs.de
Milli Bahar Baýramy - Tebigat - Gorogly.com

Milli Bahar Baýramy

Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramyHalkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar.

Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly däplerini dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar.

Nowruz – now – täze, ruz – gün diýmekligi aňladyp, gadym döwürlerden bäri bellenilýän meşhur täze ýyl baýramydyr. Nowruzda ösümliklerden taýýarlanýan naharlara aýratyn üns berilýär. Bar bolan däbe görä, baýramçylyk saçagyna ýedi dürli tagam goýmaly, ýagny däneli ösümlikleriň ýedi görnüşi bolan bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba ýaly ösümliklerden taýýarlanmaly. Ýurdumyzda Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlikde bellenip geçilýär. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligine goşant goşar.

Habary paýlaşyň:

Bir cevap yazın