Mineola — ABŞ-da ösdürilip ýetişdirilen mandarin we greýpfrutyň gibrididir. Häzirki wagtda bu miwe Hytaýda, Türkiýede we Ysraýylda ösdürilip ýetişdirilýär. Mineolanyň gabygy ýuka bolanlygy sebäpli örän aňsat arassalanýar. Emma muňa garamazdan köp mukdarda fol kislotasyny öz içine alýan tohumlary ýok diýen ýaly şireli etli bölegi bar (100 g önümde adamyň gündelik isleginiň 80% — ine çenli). Fol kislotasynyň göwrelilik döwründe peýdalydygyny, çagada dogluş kemçilikleriniň döremeginiň öňüni almaga kömek edýändigini bellemelidiris. Şeýle hem gan damarlarynyň ýagdaýyny gowulandyrýar we düwnük keseliniň öňüni almaga ýardam edýär.
Mundan başga-da, miwede C witamini we köp sanly iýmit süýümi bar, bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänler üçin aýratyn möhümdir. Iýmit süýümi 3-4 sagada çenli dowam edýän dokluk duýgusyny döredýär. Şol bir wagtyň özünde, mineola az kaloriýaly miwe hasaplanýar, ýagny bir miwede — 70-90 kaloriýadan köp saklanmaýar. Mineola şireleri, işdäaçarlary, desertleri we ş.m. taýýarlamak üçin ulanylýar.
Düzümi:
kaloriýalylygy- 70 kkal
belok — 0,54 g
ýaglar — 0,00 g
uglewodlar — 10,80 g
suw — 44.00 g
Oguljahan MAŞADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby