Alymlar amaly gözlegleriň kömegi bilen käbir mineral dökünleriň ösümliklere nähili täsir edýändigini kesgitlediler. Daşky görkezijilere esaslanyp, dökünleriň kadasynyň näderejede dogrydygyna, artykmaçlygyň ýa-da ýetmezçiligiň täsirine düşünmek bolar.
Azot — Toprakda dökün az bolsa, ösümlikler reňksiz görünýär, açyk ýaşyl reňkde bolýar, gaty haýal ösýär we saralyp, ýapraklarynyň gaçmagy sebäpli wagtyndan öň solýar. Azotyň artykmaç toplanmagy bolsa, gülleýşiň we ýetişmegiň gijikmegine, baldaklarynyň aşa ösmegine we ösümlik reňkiniň goýy ýaşyla öwrülmegine getirýär.
Fosfor — Toprakda fosforyň ýetmezçiligi ösümligiň ösmegine we miweleriň haýal ýetişmegine, ösümligiň ýapraklarynyň reňkiniň belli bir mawy öwüşginli ýaşyl reňke çenli üýtgemegine, gyralarynda çal reňkiň döremegine sebäp bolýar. Toprakda fosfor artykmaç toplansa, ösümligiň baldagy, ýapraklary gaty çalt ösüp, miweleri ownuk we az bolar.
Kaliý — Kaliý ýetmezçiligi ösümligiň haýal ösmegine, ýapraklarynyň saralmagyna, düýrlenmegine we bölekleýin solmagyna sebäp bolar. Artykmaç kaliý azotyň ösümlige girmeginiň ýollaryny ýapýar, bu islendik ekiniň ösmegine ep-esli täsir edip biler.
Selbi AÝTGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby