Hasyl berýän miweli bagyň hatar arasyny saklamak.Miweli baglaryň hatar arasyny dogry saklamaklyk, şol ýeriň topragynyň düzümine, beýikli-pesligine, suw üpjünçiligine, hapa-haşal otlaryň gögerjilik derjesine, tebigy şertlere gös-göni bagly bolýar. Hasyl berýän miweli baglaryň hatar arasyny nähili toprak şertlerinde, haýsy usulyny ulanyp saklasaň gowy bolýar, miweli baglar uzak ýaşap, ýokary hasyl, standart miwe berip bilýärler diýen sorag, biziň ýurdumyzyň welaýatlarynda şu wagta çenli okalman ýa-da çözülmedik mesele bolup galýar. Hasyl berýän alma bagynyň ýa-da erik bagynyň hatar arasy nähili saklananda ýokary hasyl berip biler? Bu soraga jogap bermek üçin ylmy-barlag işlerini önümçilik şertlerinde kärendeçiler bilen geçirmeli.
Türkmenistanda hasyl berýän miweli baglaryň hatar arasy sürülip saklanýar. Miweli baglaryň hatar arasyny sürmek işi PLS-5-25A ýa-da PST-3-30 plugyň kömegi bilen 18-20 sm çuňlukda noýabr aýy zynjyrly traktoryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Ir ýaz aýlary (fewralyň aýagy, mart) diskaly boronanyň BDST-2,5A kömegi bilen 8-12 sm çuňlukda ýumşadylýar.Miweli baglaryň düýpleri piliň kömegi bilen el bilen depilýär. Eger-de kärendeçide FS-0,9 freza ýa-da gapdallaýyn süýşýän seýalkaly uniwersal PMP-0,6 ýaly çuňluga ýumşadylyp goýulýar. Ösüş döwründe iýmitlendirmekde we suwdan soň 3-4 hatar KSŞ-5B kultiwatorynyň kömegi bilen, miweli baglaryň hata arasy 12-16 sm ýumşadylýar. Her gezek iýmit berlip, suw tutulandan soň tekizlenip ýapylýar.Miweli baglaryň hatar arasyny sürüp saklamak topragyň yzgarlylygyny gowy saklaýar.
Miweli baglaryň hatar aralaryny köpýyllyk tebigy otlar bilen ýa-da ýorunja ekip saklamak. Baglaryň hatar arasyndaky otlaryň ýer üsti bölegi gyrkylyp aýrylýar we organiki dökün bolup hyzmat edýär. Zeý suwuny aşakladýar, topragy şorlaşmakdan gorap saklaýar. Miweleriň reňkiniň gowulanmagy, baglaryň hatar arasyna ýorunja ekilmegi bilen baglanşyklydyr. Hasyl berýän miweli baglaryň hatar arasyny bu usulda saklamaklygyň kemçilikleri hem bar. Hapa-haşal otlar topragyň ineral maddalaryny sorup alyp ýeri ýokumsyz ýere öwürýär. Topraga suw ýetmezçilik edýär we miweler ownap başlaýar. Miweli baglar ösüşdengalýarlar.
Hasyl berýän miweli baglaryň hatar arasyny başaşa ýorunja ekemeklik maslahat berilýär.Bu usulda miweli baglaryň hatar arasyna sepilen otlar ekilip saklanýar. Toprakda ýagyş gurçuklary köpelýär, topragyň tebigy çyglylygy artýar. Ýewropa, amerika ýurtlarynda miweli baglaryň hatar arasy toprak gatyşykly hapa-hasal otlar bilen garylýar. Nähili usulda bolsa hem her ýylda gektara 60-90 kg azot bermeli bolýar. Hasyl berýän miweli bagyň hatar arasy bir ýyl sürülýär, ikinji ýyl siderat otlar sepilip gögerdilýär. Miweli baglaryň hatar arasyny tomusa çenli sürüp saklanýar, güýz aýlary bir ýyllyk otlar sepilip gögerdilýär. Siderat otlar güllän döwründe kerçelýär we gök massa 300-450 s/ga möçberde alynýar.
Türkmen oba hojalyk instituty
3-nji ýyl talyby Eneş Gurbangeldiýewa



