Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk toplumyny düýpli özgertmek, pudagy dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ak bazarlarymyza, desterhanlarymyza bereket bolup dolýan datly miweleriň ir ýetişmegi we köp hasyl bermeginde bolsa baglaryň sapylmagy örän wajyp bolup durýar.
Häzirki wagtda miweli agaçlardan bol hasyl almak üçin baglarymyzy pyntyk bilen sapmak hem-de çybyk bilen sapmaklygyň birnäçe usullary ulanylýar. Ýurdumyzda miweli baglary sapmaklyk iki möwsümde, ýagny ýazda we tomusda amala aşyrylýar. Ir ýaz aýlary mart aýynyň 16-20-de pyntyk bilen sapmaklygyň ýazky möwsümi başlanýar. Ilki bilen şäniklileriň, soňundan hoz miweleriniň pyntyklary sapylýar. Pyntyk bilen sapmak şeýle yzygiderlikde amala aşyrylýar:
Miweli baglara pyntyk sapylanda 7-10 gün oňünden baglary suwarmaly. Şondan soň pyntygyň gogerijiligi ýokary bolyar. Sapylanda podwoýyň kök boyunjygyndan 3-5sm demirgazyk tarapynda hatar ugrunda T görnüşli kesim etmeli. Kesim edilende podwoýyň kesilen ýerini pyçagyň aýlaw edilen ýeri bilen çybygynyň ýüzuni açyp, oňa pyntygy salmaly. Sapmaly wagtyň öň ýanynda sapmaga degişli sortlardan çybyk taýýarlap, ony kesen wagtyň ol çybykdan ýapraklary, 1 sm ýaly baldakda galdyryp, ýagny çybygy kesende onuň eteginden 3-4 pyntygy enelik düýpde goýup, kesenden soň onuň 3-4 depesindaki pyntygy hem aýyrmaly.
Çybygyň ortaky bölegi, ýagny gowy kämilleşen böleginiň pyntyklary alynýar. Sapmak üçin taýýarlanan çybykdan pyntygy kesip alynýar soňra ony podwoýa geçirilýär. T görnüşli kesimiň içine pyntygy ýerleşdirenimizden soňra, ini 0,8-1sm, uzynlygy 16-18sm polietilen klýonka (lenta) bilen pugta saramaly. Onuň biri-biri bilen alyşandygyny bilmek üçin 14-28 günden barlap görmeli. Eger jan giren bolsa, onda daňyny gowşatmaly. Eger-de gurap galan bolsa, onda daňyny kesip aýyryp, täzeden ters tarapyndan gögermediklerini gaýtadan sapylýar. Pyntygy sapylandan soňra suwarmaly. Şeýle-de sapylandan soň bir aýyň dowamynda gözegçilik işleri alnyp barylyp, tomusda baglary sapmaklygyň 90-95% çenli netije berýär. Sapylan baglar bahar aýlarynda gülleýär we beýleki baglardan köp hasyl berýär, miwesi hem süýji bolýar.
Döwlet HALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby