Aw küýzeleri bolan ilkinji tropiki ösümlik 1650-nji ýylda Madagaskaryň gubernatory Etin de Flako tarapyndan suratlandyryldy. XVIII-XIX asyrlarda kolonial söwdanyň esasy ugurlary boýunça ekzotik ýurtlardan Ýewropa dürli seýrek ösümlikler getirildi. Tropiki howa şertlerini dikeltmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhanalaryň gorag gurluşlarynyň oýlanyp tapylmagyna sebäp bolan tehnologiki ösüş bilen, mör-möjeklere garşy ösümlikleriň meşhurlygy ýokarlandy.
Nepentos (Nepenthes) iň meşhur ösümlikleriň biri bolup, 1780-nji ýylda Kýunyň Korol botanika baglaryna introduksiýa edildi we 1843-nji ýylda Korol jemgyýetiniň bagbanlarynyň her ýylky sergisinde görkezildi. Täze gibrid ösümlikler bazary basdylar we 1879-njy ýyla çenli Ýewropada islegleri kanagatlandyrmak üçin her ýyl müňlerçe ösümlikler satyldy. Mör-möjek iýiji ösümlikleriň 10-dan gowrak sebit jemgyýetiniň bolmagy, olaryň meşhurlygynyň görkejisidir.
Wenera siňekgapanyň (Dionaea muscipula) takmynan takyk beýany 1769-njy ýyldan başlaýar we Iňlis tebigatçysy Jon Ellisiň Çarlz Linneýa ýazan hatynda bellenilýär. Ellis bu ösümlik tarapyndan tutulan mör-möjekleriň olara iýmit bolup hyzmat edýändigini aýtdy, ýöne siňekgapanyň ýapragynyň üstündäki jelýozkalaryň manysyny ýalňyş düşündirdi: onuň pikiriçe, ösümliklerden bölünip çykýan suwuklyk mör-möjekler üçin aldawaçdy. Aslynda, diňe iýmit siňdiriş şirelerini bölüp çykarýarlar. Birneme wagt geçensoň, 1782-nji ýylda nemes lukmany A.W. Rot (Drosera) rosýankanyň ýapraklarynyň mör-möjekleri tutýan geň hereketleri edýändigini belledi we tutulan haýwanlaryň bu ösümlik üçin iýmit çeşmesi bolandygyny öňe sürdi.
Demirgazyk we günorta Karolina, Florida we Demirgazyk Amerikanyň beýleki ştatlaryndaky syýahatyny suratlandyrmaga bagyşlanan kitapda (1791) Bartram ýapraklary suw saklaýan küýzelere öwrülen we mör-möjekler üçin duzak bolup hyzmat edýän Sarracenia urugynyň ösümliklerini saklanýar. We ilkinji gezek “ýyrtyjy ösümlikler” (wenerina siňekgapanynda ulanylýar) terminine duş geldik.
XIX asyryň birinji ýarymynda we ikinji ýarymynyň başynda, bu topara degişli birnäçe täze görnüşler peýda bolup başlady, mör-möjeklere garşy ösümlikleriň sanawy ep-esli artdy. Nepentesde mör-möjekleriň tapylmagy aýratyn bellärliklidir (Kortals, 1835). Tizara bu ösümlikleriň hereketlerini we beýleki biologiki aýratynlyklaryny has içgin öwrenmäge bagyşlanan aýratyn gözlegler peýda bolup başlady. 1861-nji ýylda Ože de Lýassu Aldrowandanyň ýapraklaryň hereketini suratlandyrdy we olaryň degmäge duýgurdygyny ýüze çykardy. 1868-nji ýylda Kenbi Dionaeanyň ýapraklaryndan çykýan şiräniň iýmit siňdiriş aýratynlyklaryny ilkinji gezek belläp geçdi.
Tebigatçy Çarlz Darwin (1809 — 1882) mör-möjek iýiji ösümlikleri örän täsin görýärdi. Ol tebigatda rosýankany gözegçilik etmäge 1860-njy ýylyň tomsunda başlady. Tiz wagtdan doly gözlege öwrülen birnäçe laboratoriýa synaglaryny hem geçirdi. 1875-nji ýylda neşir edilen mör-möjek iýiji ösümlikler baradaky monografiýasy bu ösümlikler toparyna bagyşlanan ilkinji eserdir. Onda diňe ösümlikleriň tebigy ýaşaýyş ýerleri barada maglumat berilmän, eýsem dürli maddalary we faktorlary ulanyp ösümliklerde geçirilen dürli synaglar jikme-jik beýan edilýär.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby