Ähmiýeti, ekin meýdanlary, hasyllylygy. Muskat şalfeýi gadymy ekindir. Onuň gül çogdumynda saklanýan efir ýagy (0,35%) parfýumeriýa, azyk senagatynda we çakyr önümçiliginde giňden ulanylýar.
Şalfeýiň gül çogdumynyň hasyllylygy 30-40 s/ga barabardyr.
Botaniki häsiýetnamasy, Biýologiki aýratynlyklary:
Muskat şalfeýi — Salvia sclarea L. Mawygülliler — Labiatae maşgalasyna degişli bolan köp ýyllyk otjumak ösümlikdir. Onuň oňat ösen ok kök ulgamy bar. Baldagy şahalanýan, dört granly, beýikligi 100-120 sm-e çenli ýetýär. Ýapraklary garşylyklaýyn ýerleşen, iri, ýumurtga şekilli, ýygyrtly, gyralary kertilen. Gülgüne, benewşe ýa-da ak gül täç ýapraklary bolan gülleri bar. Şahalarynyň ujunda ýerleşýängül çogdumy ownuk şahalanan. Miwesi gury, doýan ýagy özünde saklaýan ýylmanak dört sany hozjagazdan ybarat.
Şalfeý ýylylygy we çyglylygy kän bir talap etmeýär. Tohumlary 10-12 °C temperaturada gögerip başlaýar. Tohumlar 6 °C çenli aýaza çydamly. Gyşda, ýeterlik gar örtügi bilen, 30 °C çenli aýazlara çydap bilýär. Ýetişen ösümlikleriň guraklyga çydamlylygy ýokarydyr.
Şalfeý ýagtylygy söýüji — fotofil ösümlikdir. Kölegede haýal ösýär we az hasyl berýär. Munuň üçin gurply gara topraklar ýaramly hasaplanýar.
Ýaşaýşynyň birinji ýylynda adaty bazal ýapraklaryň rozetkasyny emele getirýär, ikinji ýylynda gür ýaprakly baldaklar, gül çogdumy we miweler peýda bolýar.
Muskat şalfeýiniň iň köp ýaýran sortlary: Woznesenskiý 24, Irki Krymskiý, Moldawskiý 69 we C-785.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby