Nar (Punica), ýurdumyzda naryň ýabany ösýän diňe bir sany adaty nar (Гранат обыкновенный Punica granatum) diýlen görnüşi gabat gelýär. Ol gyrymsy ösümlik bolup, narlar maşgalasyna degişlidir. Onuň beýikligi 1,5-3,5 m-e ýetýär. Onuň gabygy jaýrykly bolup, goňur reňklidir. Köpýyllyk şahalary çal ýa-da melemtil sary reňkli, ýylmanak, ýaşajyk şahalary bolsa ýaşylymtyl çal reňkli. Ýapraklary garşylyklaýyn ýerleşen, ýalpyldawuk, uzynrak bolýar.
Gülleri ýekeleýin ýerleşen, mämişi reňkli, örän owadandyr. Miwesi togalak gyzyl ýa-da sarymtyl reňkli. Onuň daşy okara ýapraklary bilen gurşalyp täç ýaly ýokaryk çykyp durandyr. Şol sebäpli hem oňa başy täçli ösümlik hem diýilýär. Nar diňe bir iýmit ýa-da bezeg ösümligi hökmünde tanalman, ol möhüm dermanlyk ösümlikdir. Ol örän ir döwürlerden bäri halk lukmançylygynda derman üçin ulanylypdyr. Abu Aly Ibn Sina naryň gülüni aşgazan keselini, dişiň etiniň ganamasyny bejermekd , miwesini peşew çykaryjy, ýara bitiriji hökmünde peýdalanypdyr. Aşgazanda we böwrekde agyry dörände ony aýyrmak üçin naryň süýji şiresini, süýji keselini bejermek üçin bolsa turşy şiresini ulanýarlar. Naryň şiresi gyzzyrmany aýyryjy, suwsuzlygy gandyryjy hökmünde hem peýdalanylýar. Naryň ter miwesiniň gabygy bilen bilelikde üsgülewügi we sowuklamany bejermekde hem ähmiýeti uludyr.
Gadym döwürlerden bäri ata-babalarymyz naryň gabygyny, gülüni, miwesini gyzzyrma, suw ýygnama, sarylama ýaly keselleri, şikeslenmäni, süňk döwülmesini bejermek üçin, agyryny aýyryjy hökmünde we içgeçmä garşy ulanypdyrlar. Derman üçin naryň miwesi, agajynyň gabygy, şahalary, miwesiniň gabygy ulanylýar. Naryň köküniň agaç sütüniniň we şahalarynyň gabygy pelleterin, izopelleterin, metilizopelleterin ýaly alkaloidleri saklaýar. Ösýän ýerine laýyklykda narda saklanýan alkaloidleriň mukdary 0,25-0,4%-e çenli üýtgäp durýar. Alymlar naryň kökünde we ýapraklarynda betulin, ýapragynda ursol kislatasyny, gülünde bolsa punisin diýen boýag maddasyny saklaýandygyny belli edipdirler. Betulin kislatasyndan başgada naryň agaç gabygynda eý maddasy hem bar. Miwesinde witaminler we organiki maddalar saklanylýar. Bişmedik miwesiniň şiresinde 5-6%-li limon kislatasy bolýar. Miwesi bişip ýetişende düzüminde şeker köpelýär.
Çaryýewa Adalat
Türkmen Oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 1-nji ýyl talyby



