NetBow –gül küýzejiklerini suwarmak üçin birnäçe deşijekli Netafim kompaniýasynyň döreden innowasion, ulanyjy üçin amatly halka şekilli suwaryjysydyr. NetBow topraksyz ýerlerde ýagny, küýzejiklerde otyrdylýan ekinleri suwarmak, ösdürip ýetişdirmek üçin döredildi. NetBow bilen kökler küýzeleriň her inedördül santimetrinde, şol sanda köküň ösmegi möhüm bolan üstki gatlagy hem ösýär.
NetBow halka şekilli suwaryjynyň artykmaçlyklary:
- Suwuň deň paýlanyşy:, ýokardaky 8 drenaž deşijekleri sebäpli ýokardan aşaklygyna ähli zonalar yzgaerlanýar..
- NetBow hapalanma ýokary derejede durnykly, damjalary bilen üpjün edilen.
- Ýönekeý we amatly gurnama.
Aýratynlyklary:
- 10-dan 60 litre çenli gaplar bilen gabat gelýär.
- Diametri: 120 mm, 250 mm.
- Akym tizligi 2,0 l / sag bolan 8 ýa-da 4 damja deşijekli.
- Uzak möhletli ulanmak üçin ajaýyp himiki we UF garşylygy.
- Has gowy şöhlelendirmek üçin açyk çal reňk.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl ýyl talyby