Nohut kösükli däneliler maşgalasyna Pisum L ugruna degişli bolup durýar. Onuñ boýy 60 sm çenli bolup bir ýyllyk ösümlik diýip hasap ediýär. Baldagy örän berk daşly, şahalary ýatmaýar. Ýapraklary goşa däl ýelek pisint çylşyrymly ýaprak bilen gutarýar. Ýaprajyklary ownuk ýumurtga şekilli sany 16-10 ýaprak ýanlary diş-diş.
Nohudyñ baldaklary we kökleri tüýjagazlar bilen gür örtülendir. Gara däne görnüşleriniñ baldaklarynda we ýapraklarynyñ gyrasynda antasion (mämiş) bardyr.
Nohut soýa görä ýylylyk söýüji ekindir. Tohumlaryñ şinelemegi üçin gerek bolan ýeterlik ýylylyk 5-8˚C ýeterlikdir. Gämikleri 10-11˚C çenli ösümliklere güýz aýlary 7-8˚C aýazlara çydaýar. Ösümligiñ kadaly ösmegi üçin 18-25˚C ýeterlikdir. Merkezi Aziýada ýumşak gyşlarda nohuda sowuk urmaýar. Ýylylyga güllemek döwrüne çenli artýar. Nohut gurakçylyga we yssylyga çydamly ösümlikdir. Nohudyñ tohumlarynyñ ösüp başlamagy çyglylyk gerekdir. Transpirasion derejesi 400-550 barabardyr. Nohut gögerip çykandan tä gülleýän döwrüne çenli yzgary köp talap edýär. Soñky ösüş döründe nohudyñ suwa bolan talaby aşak düşüp başlaýar. Nohudyñ ýokumly maddalara bolan talaby ýokarydyr. Onuñ üçin iñ gowy ýagdaý güýz sürüminden her ga-ra 10-15 tonna dökülende ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda hasyl artyp başlaýar.
Kösükli däneliler tohum mikroelementleri az mukdarda talap edýär. Eger-de toprakda azlyk eden ýagdaýynda kähalatda azot ýygnaýjylyk ukyby peselýär.
Bäşim Öwezow
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy