Orhideýa çekirtgesi Günorta-Gündogar Aziýada, Malaziýada we Indonezýanyň ýagyşly tokaýlarynda duş gelýär.Ol gül çekirtgesi we orhideýa çekirtgesi ýaly dürli umumy atlar bilen bellidir. Meňzeşliginden hem-de özüni alyp barşyndan gül çekirtgesi diýlip atlandyrylýan görnüşleriň biridir. Şeýle hem, uly mör-möjekler tutmak arkaly iýmitlenýärler.
Orhideýa çekirtgesiniň mör-möjekleri tutyp iýmäge kömek etmek üçin onuň öň aýaklarynda saçlary bolýar. Olaryň dişlemegi adamlara zyýanly däldir. Orhideýa çekirtgesinde belli bir mukdarda zäher göterijilik häsiýeti bar, şol sebäplide olaryň dişlemegi arkaly adamlaryň derisinde gyjyndyrma ýüze çykýar. Orhideýa çekirtgesi esasanam tomzaklar, tarakan we kebelek ýaly mör-möjekler bilen iýmitlenýärler oňa garamazdan jeňňel miwelerini hem iýýärler. Orhideýa çekirtgesi hem uçup bilýär. Orhideýa çekirtgesiniň uzunlygy 2 sm çenli ösüp biler.
Olardan iň uly orhideýa çekirtgesiniň umumy ýaşaýyş döwri 7-12 aý, aýal orhideýalar bolsa olardan has uzak ýaşaýarlar. Emma olaryň ýaşamagy üçin amatly temperatura sowuk howa şertleri bolup durýar. Orhideýa çekirtgesi janly iýmitleri talap edýär, şol sebäpden hem ölen mör-möjekler bilen iýmitlenmeýärler. Bulardan başgada Orhideýa çekirtgesi miwe çybyklary hem-de bal ýaly dürli mör-möjekleri iýip bilýäler. Biologlar orhideýa çekirtgesiniň adam eşidiş çäginden has uzak sesleri hem eşidip bilýänligi bilen tapawutlanýar diýýärler. Olar awlaryny awlamak üçin bolsa gül şekline geçip mekirlik bilen awlarynyň eýesi bolýarlar.
Şonuň üçin hem onuň adyna orhideýa çekirtgesi ýa-da gül çekirtgesi diýip goýýarlar. Olaryň ýenede bir tapawutly aýratynlyklarynyň biri hem adamlaryň ýüzlerini tanap bilijilik ukybyna eýe bolmaklarydyr. Şol ajaýyplyklary bilen hem Orhideýa çekirtgeleri adamlaryň üns merkezinde bolmany başarýarlar. Olaryň ajaýyplyk taraplarynyň biride adamlary tanamak häsiýeti bolany üçin öz şekillerini mimmikriýa häsiýeti bilen güle öwürýärler. Şol sebäpden hem adamlarda bu ajaýyp jandar gülmi ýa-da çekirtge diýen soraglar dyngysyz gaýtalanýar. Hakykatda bolsa olar tebigatyň döreden ajaýyp , enaýy çekirtgeleri bolup durýar.
Gülnar GOÇOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



