Walensiýa uniwersitetiniň biologlary pomidoryň howa şertlerine çydamlylygyna we pes duýgurlygyna jogap berýän fermentini, ýagny emeli geksenilbutiratyň (HB) spreýini döretdiler. Alnan madda ekinleri gurakçylykdan we bakteriýalardan goramaga kömek eder. Transpirasiýa diýilýän tebigy hadysada ösümligiň düzümindäki suw, ýapraklardaky agyzjyklar arkaly bugarýar. Bu agyzjyk arkaly ösümlik özüne daş-töweregindäki kömürturşy gazyny hem kabul edýär. Fotosintez hadysasyny kadalaşdyrmak üçin bu çalşyk zerurdyr. Şeýle-de bolsa, soňky geçirilen barlag häzirki wagtda atmosferadaky kömürturşy gazynyň derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli, ösümliklere ony kabul etmek üçin uzak wagtlap agyzjygyň açylmak zerurlygynyň ýokdugyny görkezdi. Pomidorda, agyzjygyň ýapylmagyna jogap berýän geksenilbutirat fermenti ösümlikde suwuň ýitmeginiň hem öňüni alýar. Alymlar emeli HB döretmek bilen ony pomidor, mekgejöwen, ýorunja we sitrus ekinlerine sepdiler. Netijede ösümlikler suw ýetmezçiliginden halas boldular we mikroblara garşy durup bilijiligini ýokarlandyrdylar. Ondan öň halkara klimatologlar topary, ortaça temperatura senagatdan öňki derejeler bilen deňeşdirilende 2 gradusdan ýokarlansa, ýer togalagynyň ekin meýdanynyň dörtden bir böleginden gowragy gurakçylyga duçar bolar diýen netijä gelipdi. Emma täze oýlanyp tapylan serişde, bu meseläni çözmäge kömek eder.
Atanyýaz AGAGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy