Tebigat – ýaşaýşyň baky çeşmesi bolup, onuň her bir bölegi biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Adamzadyň we beýleki janly-jandarlaryň ýaşaýşynda aýratyn möhüm orun eýeleýän ösümlikler diňe bir tebigatyň gözelligini artdyrman, eýsem ýaşaýşyň dowam etmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Ösümlikleriň iň möhüm biologik aýratynlyklarynyň biri fotosintez prosesi bolup, ol tebigatda ýaşaýyş zynjyrynyň esasy binýadyny emele getirýär. Hut şu prosesiň netijesinde ösümlikler Gün şöhlesiniň energiýasyny peýdalanyp, howadaky kömürturşy gazyny we suwy organiki maddalara öwürýärler.
Fotosintez prosesi ösümlikleriň ýaşyl böleklerinde, esasan hem ýapraklarynda bolup geçýär. Ýapraklarda ýerleşýän hloroplastlar Gün şöhlesiniň energiýasyny kabul edip, himiki energiýa öwürýär. Şeýlelikde ösümlikler öz ösüşi üçin zerur bolan glýukoza ýaly organiki maddalary döredýärler. Şol bir wagtda bolsa howa üçin örän möhüm bolan kislorody bölüp çykarýarlar. Bu ýagdaý bolsa ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň dem alyş prosesi üçin zerur şertleri döredýär.
Ösümlikleriň fotosintez arkaly döredýän organiki maddalary diňe özleriniň ösüşi üçin däl, eýsem beýleki janly organizmler üçin hem möhüm iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär. Haýwanlar we adamlar ösümliklerden ýa-da ösümlik bilen iýmitlenýän beýleki janly-jandarlardan peýdalanmak arkaly ýaşaýyş üçin zerur bolan energiýany alýarlar. Şeýlelikde fotosintez prosesi tebigatda energiýanyň bir organizmden beýlekisine geçmeginiň esasy ýoluny emele getirýär.
Fotosintez diňe bir iýmit zynjyrynyň başlangyjy bolman, eýsem tebigy deňagramlylygyň saklanmagynda hem uly ähmiýete eýedir. Ösümlikler howadaky kömürturşy gazynyň mukdaryny azaldyp, atmosferanyň arassalygyny üpjün edýärler. Bu ýagdaý häzirki wagtda dünýäde ýüze çykýan howanyň üýtgemegi ýaly meseleleriň öňüni almakda hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaşyl ösümlikleri goramak we tebigatyň baýlygyny saklamak häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir.
Umuman aýdanyňda, fotosintez prosesi tebigatda ýaşaýşyň dowam etmeginiň esasy biologik esaslarynyň biridir. Bu proses diňe bir ösümlikleriň ýaşaýşy üçin däl, eýsem ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň ýaşaýşynyň dowam etmegi üçin hem möhüm şert bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem ösümlikleriň goralmagy, olaryň köpelmegi we tebigatyň ýaşyl baýlygynyň artdyrylmagy adamzadyň geljekki ýaşaýşy üçin aýratyn möhüm bolup durýar.
Ýazan: Narmeňli Esedowa,
Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň Biologiýa mugallymy


