Gün şöhlesi ösümlikleriň durmuşynda esasy tebigy faktorlaryň biridir. Ol fotosintez prosesiniň netijeliligini kesgitleýär, ösümlikleriň ösmegine, hasyllylygynyň ýokarlanmagyna we umumy sagdynlygynyň üpjün edilmegine gönüden-göni täsir edýär. Fotosintez prosesi gün şöhlesiniň energiýasyny ugry bilen baglanyşykly bolup, ösümliklerde karbohidratlaryň sintezlenmegine mümkinçilik berýär.
Gün şöhlesiniň derejesi we dowamlylygy dürli ösümlik görnüşleri üçin üýtgeýär. Meselem, gün şöhlesini köp talap edýän meýdan ösümlikleri, şeýle hem pomidor we garpyz ýaly oba hojalyk ekinleri, ýagtylyga çydamly bolup, gün şöhlesiniň köp bolmagy bilen has ýokary hasyllylyga eýe bolýar. Beýleki tarapdan, kölegeli ýerlerde ýa-da gün şöhlesiniň ýetmezçiligi bolan ýerlerde ösümlikler seýrek ösýär, yapraklaryň reňki solgunlaşýar we hasyl az bolýar.
Gün şöhlesiniň bolmagy diňe fotosinteze däl, eýsem ösümlikleriň içki biologik prosesslerine hem täsir edýär. Ol ösümliklerde hormonal deňagramlylygy sazlaýar, gül açmagyna we miweleriň kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Şeýlelik bilen, gün şöhlesi, ösümlikleriň ösüşinde we öndürijiliginde möhüm orun eýeleýär.
Ösümlikleriň optimal ösüşi üçin gündelik ýagtylygyň wagty we derejesi hem möhüm faktordyr. Meselem, gök önümler üçin 6–8 sagat, miweli ösümlikler üçin 8–10 sagat dowam edýän gün şöhlesi gerek bolup bilýär. Gynansak-da, aşa ýyly ýa-da aşa gyzgyn gün şöhlesi hem ösümliklerde näsazlyk döredip bilýär, ýagny yapraklaryň guramagyna, suw ýetmezçiligine we fotosinteziň peselmegine sebäp bolýar. Şonuň üçin oba hojalygynda gün şöhlesiniň derejelerini we ekinleriň ýagtylyk talaplaryny anyklamak möhüm ähmiýete eýedir.
Gün şöhlesi ösümlikleriň ösüşini hem-de ýokary öndürijiligini üpjün edýän möhüm ekologik faktor hökmünde ösümlikde fotosintez, we maddalaryň çalşygy ýaly esasy fiziologik prosesleriň kadaly işlemegini üpjün edýär. Ýagtylyk şertleri ekinleriň durnukly we ýokary hasyl bermegine, onuň ýokumlylyk derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Şonuň üçin oba hojalygynda ösümlikleriň ýagtylyk talabyny dogry kesgitlemek, ekinleri ýerli toprak we howa şertlerine görä ýerleşdirme, şeýle hem gün şöhlesiniň netijeliligini ýokarlandyrýan agro-tehniki çäreleri geçirmek möhüm ähmiýete eýedir. Bu işler ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde we oba hojalygynyň innowasion esasda ösüşine möhüm goşant goşýar.
Dünýä NURYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby




