Ösümlik bedeniniň esasy düzüm bölegi (90%-e çenli) suw bolup, ähli synalarda geçýän madda we energiýa çalşyk hadysalaryna göni we gyýtak ýollar bilen işjeň gatnaşýar. Suw sitoplazmanyň esasy düzüm bölegi bolmak bilen onuň gurnalyşynyň, bedenjikleriniň, kalloid birleşmeleriň durnuklylygyny, belok molekulalaryň konfigurasiýasyny – giňişlikde belli bir şekil emele getirmegini üpjün edýär. Bedendäki köp täsirleşmeler, suwuň gatnaşmagynda, dem alyş hadysasy bolsa diňe suwly gurşawda amala aşýar.
Ösümlikleriň kök ulgamyndan başlanýan ksilema geçiriji desseleri kökuň soran suwuny we onda erän maddalary ösümligiň ýerüsti ähli synalaryna getirýär. Şeýle-de ýapraklarda fotosintez netijesinde emele gelýän organiki maddalar triozlar, pentozlar, geksozlar, aminokislotalar görnüşinde baldagyň gabygyndaky floema geçiriji desseleri boýunça ýaprakdan hasyl synalaryna, kök ulgamyna suwly ergin halynda geçirilýär. Ösümligiň kadaly ýaşamagy üçin, onuň öýjükleri suwdan doýgun bolmalydyr. Diňe suwdan doýgun synalar (ýaprak, ýaş şaha, miwe) ter ýagdaýynda (turgor) bolýar we ýapraklar süllermän, şahalar egilmän saklanýarlar. Suw şeýle ýagdaýda daýanç – mehaniki wezipäni ýerine ýetirýär. Suw ösümlikleri gyzgyn howada synalaryň aşa gyzmagyndan gorap saklaýar. Suwuň kadaly üpjünçiliginde ösümlikler gowy önüp ösýärler we ýokary hasyly üpjün edýärler.
Meretgeldi Atdaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby



