Iň peýdaly otag gülleriniň biri-de hlorofitumdyr. Onuň ýapraklary özüne zyýanly maddalary siňdirýär. Şonuň üçin bu ösümlik aşhanada we ýatylýan otagda goýulýar. Hlorofitum klubeni arkaly köpeldilýär. Hamedoreýa howanyň düzümindäki zäherli gazlary özüne siňdirýär. Hamedoreýany esasan gara ýola ýakyn jaýlarda goýulsa benzoly we trihloretileni bitaraplaşdyrmaga ukuply. Tohum arkaly köpelýär. Tohumynyň diametri 2 sm, 6 hepdede tohumlary gögerip çykýar. Tohumyň gögermegi üçin 27-30 gradus temperatura gerek.
Otag gülleriniň arasynda iň sadasy sansewieriýadyr, ýagny halk arasynda ol “gaýynenemiň dili” ýa-da “ýylanyň derisi” ady bilen tanalýar. Ol kislorodyň generatory hasaplanýar. Sansewieriýa adam bedeninde bolup geçýän üýtgeşmeleri uýgunlaşdyrýar, immunitetini ýokarlandyrýar. Ol sowuklamadan goraýar, howa basyşynyň üýtgäp durmagyny, temperaturany we howanyň çyglylygyny kadalaşdyrýar.
Kalanhoe, ewkalipt, mirt we beresklet ýaly ösümlikleriň ählisi bir otagda ýerleşdirilende, olaryň oňat täsir edijiligi has güýçli bolýar. Bu ösümlikler topary wiruslaryň we bakteriýalaryň zyýan ýetirijiligini gowşadýar. Eger otagda bir-birine ýakyn ýerleşdirilende bakteriýalara garşy göreşijilik häsiýeti 1. 5-2 metr aralykda has ýokarlanýar.
Şireli adenium ýa-da ýogun adenium , başgaça çöl bägüli (Adenium obesum) özüniň goýy ýaşyl, ýogun baldagy bilen tapawutlanýar. Bu ösümlik zäherlidir. Onuň şiresi endamyň içine we ganyň nemli bardasyna aralaşyp, bedeni zäherli maddalar bilen zäherleýär. Afrikanyň käbir taýpalary adeniumyň zäherini aw awlamakda ulanýarlar. Şeýle hem ony ýürek gysylmasy ritminiň kadaly ýagdaýynyň üýtgemegi (aritmi) keseline garşy derman taýýarlamakda ulanyarlar.
Fikus–giň ýaýran bezeg ösümligidir. Bu ösümligiň ýapraklarynda we baldagynda zäherli maddalar saklaýar. Fikusyň şiresi gyjyndyryjy täsir edýär, kähalatlarda bedende gijelewik keselini döredýär.
Ogulnur Baýryýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby