Papaýa — gawun agajy (Carica L.). Papaýalar maşgalasynyň papaýa urugyna degişlidir. Papaýalar maşgalasynyň 30 sany görnüşi bolup, Amerikanyň subtropiki we tropiki ýerlerinde duş gelýär. Papaýa palma meňzeş, ýapragyny dökmän elmydama gök öwsüp oturan güýçli ösýän ösümlik bolup, çalt hasyla durýar. Oturdylandan soň 12-14 aýdan miwe getirip başlaýar. Önümçilikde 3-4-nji ýyl miwe getirenden soň, miwesiniň ýaramazlaşmaklary bilen goparylyp aýrylýar we täze nahallary oturdylýar. Papaýa miwesi iri 1-3 kg aralygynda bolýar, daşky görnüşi boýunça gawuna meňzeýär, şonuň üçin “gawun agajy” hem diýilýär. Papaýa plantasiýasy ýokary 1000-1500 s/ga hasyl berýär. Papaýanyň esasy görnüşleri: Hakyky papaya (C.papava L.), Kundinamaz papaýasy (C. cundinamarcensis Hook.) we Bäş burç papaýa (C. pentagona Heilb.).
Miwesi terligine iýilýär we gaýtadan işlenilip şireler taýýarlanylýar. Ondan başga-da papaýadan işdäaçarlar taýýarlanylýar. Papaýanyň tohumlary ýiti tagamly bolýar we gara burçuň ornuna hem ulanylyp bilner. Papaýanyň düzüminde köp mukdarda kleçatka we gant saklanýar. A we Ç witaminlerine baýdyr. Mundan başga-da B toparyň witaminleri, kalsiý kaliý, demir, magniý we fosfor saklanýar. Iýmit siňdirişi kadalaşdyrýar we işdäni açýar. Papaýa dermanlyk maksatlary üçin ulanylyp-papain alynýar.Papaýa otda bişirilende çöregiň ysy gelýär, şonuň üçin hem bu ösümlige “çörek agajy” ady berlipdir.
Maýsa Amanowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby