Rambutan — (lat. Nephelium lappaceum) Sapindalar maşgalasyna degişli
bolan tropiki miweli agaçdyr. Gelip çykan ýeri Günorta-Gündogar Aziýa
hasaplanýar. Bu sebitiň köp ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär.
«Rambutan» ady Malaý dilinde «saç» manysyny berýän rambut sözünden
gelip çykýar, miwäniň «-an» goşulmasy bilen birlikde miwäniň köp inçe
saçlary degişlidir. Giň ýaýran täji bilen beýikligi 25 metre çenli hemişe
gök öwüsýän agaç. Ýapraklary jübüt ýelek şekilli bolup, 2-8 sany süýri
ýa-da ýumurtga şekilli ýaprajyklary bar. Gülleri ownuk bolup, şahalaryň
ujunda şahalanan gül toplumynda selçeň ýygnalan bolýar. Miweleri
tegelek ýa-da ýumurtga şekilli, ululygy 3-6 sm, toparlarda 30 sany bolup
biler. Ösensoň reňkini ýaşyl-sary-mämişi, soň bolsa açyk gyzyl reňke
üýtgedýärler. Olar uzynlygy 2 santimetr bolan goýy ýa-da açyk goňur
reňkli gaty saçlar bilen örtülendir.
Etli bölegi ak ýa-da birneme gyzyl,
hoşboý ysly, onuň ýakymly süýji we turşy tagamy süýji ýaşyl üzüme
meňzeýär. Tohumy uly, süýri, uzynlygy 3 sm çenli, goňur reňkde bolýar.
Agaçlaryň ortaça beýikligi 4-7 metr, iň beýigi 25 metrdir. Miwe esasan
terligine iýilýär, ýöne şeker bilen hem saklanyp bilner. Olarda
uglewodlar, beloklar, kalsiý, fosfor, demir we C witamini bar. Çig tohumy
zäherlidir, emma gowrulan görnüşde iýmek bolýar. Ösümligiň kökleri we
ýapraklary halk lukmançylygynda ulanylýar. Tohumyndan alnan ýag
sabyn we şem öndürmekde ulanylýar.
Oguljahan MAŞADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby