Raps – Brassica napus L. Ssp. Oleifera Metzg. Kelemler-Brassicaceae maşgalasyna degişli, birýyllyk otjumak ösümlik. Rapsyň watany Ortaýer deňzi hasaplanyp, ol ýerden raps Hindistana we beýleki Aziýa ýurtlaryna ýaýrapdyr. Russiýada rapsy XVIII asyrda ösdürip ýetişdirip başlapdyrlar.
Häzirki wagtda dünýäde ekin meýdanlarynyň 13 mln. gektaryna raps ekilýär. Onuň esasy bölegi Hindistanda – 3,7 mln. ga, Kanadada – 3 mln. ga ekilýär. Mundan başga-da raps Germaniýada, Polşada, Şwesiýada, Fransiýada giňden ekilýär. Raps dünýäniň 28 döwletinde esasy ýag beriji ösümlik hasaplanylýar. Şeýle-de Kanadada raps iň ýokary girdeji berýän medeni ösümlikleriň biridir. Ol ýerde ösdürilip ýetişdirilýän raps sortlarynyň düzüminde glýukozinolatlar az mukdardadyr. Bu bolsa rapsyň senagat ähmiýetliligini ýokarlandyrýar. Günbatar Ukrainada rapsyň esasan güýzlük görnüşi ekilýär we onuň hasyllylygy 15-18 s/ga çenlidir.
Raps ösümligi iýmitlik ýagyna baý bolan ýag beriji ösümlik we beloga baý bolan ot-iým ösümligi hasaplanylýar. Bu ösümligiň tohumlarynda 32 %-den 50 %-e çenli ýag we 23 %-e çenli belok saklanylýar. Rapsyň güýzlik we ýazlyk diýen görnüşleri bardyr.
Käbir öňki sortlarynyň tohumlarynyň düzüminde haýwan organizmi üçin zyýanly bolan kislotalar-37-50%, glikozinolat 5-7 % bardyr. Bu maddalar rapsa ajy tagam berýär. Häzirki wagtda tohumynyň düzüminde az mukdarda bu maddalary saklaýan rapsyň sortlary döredilendir. Bu sortlaryň tohumynyň düzüminde kislotalar 0-5 %-e çenli, glýukozinolat bolsa 0,3-0,6 %-e çenlidir. Rapsyň ýagy iýmit senagatynda, sabyn önümçiliginde poligrafiýada we senagatyň beýleki ugurlarynda ulanylýar. Tohumyndan 56 % künjara alamak bolar, ol düzüminde 38-40 % belok saklaýar. Raps ot-iým ösümligi hökmünde hem ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň ýaşyl massasyny, silosyny, senajy iým hökmünde ulanyp bolýar, mundan başga-da ondan haýwanlaryň iýmine goşup bermek üçin otundan un hem edilýär. Rapsyň 1 kg ýaşyl massasy düzüminde 0,16 iýim birligi, 30 gram protein saklaýar.
Rapsdan ösümlik ýagy alynýar. Raps ýagy margarin önümçiliginde, metallurgiýada, sabyn önümçiliginde, deri eýlemekde ulanylýar. Künjarasy 32 %-e çenli belok, 9 % ýag, 30 % azotsyz maddalary saklaýar. Raps künjarasy glikozidler aýrylandan soň mallar üçin iň gowy iým hasaplanylýar. Raps şroty haýwanlaryň iýmitiniň esasy goşundysy hasaplanylýar. Nebit we gazdan alynýan ýangyjyň bahasynyň artandygy sebäpli, häzirki döwürde raps ýagynyň esasynda biodizel ýangyçlary öndürilýär.
Rapsyň tohumyndaky ýagyň düzüminde palmatin,stearin, olein, linol, linolen, eýkozan ýaly ýag kislotalary saklanýar.
Balçylyk
1 gektar ýere ekilen ösümlikden 100 kilograma çenli bal almak bolar. Bal agymtyl ýa-da sary reňkli bolýar. Raps baly iň gowy, gymmat bahaly balynyň biridir. Emma bu bal bal arylarynyň gyşlamagy üçin ýaramsyzdyr.
Nurjahan Ýowyýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby


